2023-nji ýylyň 6-njy
noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam
Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniden
ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi
Ministr ilçini
jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň diplomatik
işini ýerine ýetirmekde doly goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny belledi.
Duşuşykda ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, halkara we sebit
guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljekki
mümkinçiliklerine seredilip geçildi. Dünýä we sebit syýasatynyň möhüm
meseleleri boýunça pikir alyşyldy.
Döwletara hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmak nukdaýnazaryndan ministr Türkmenistanyň Prezidenti Serdar
Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň iýun aýynda hem-de türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu
ýylyň maý aýynda Eýrana amala aşyran saparlarynyň ähmiýetini nygtady. Şunuň
bilen baglylykda, bu saparlaryň dowamynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa
geçirmegiň zerurlygy barada umumy pikir beýan edildi.
Diplomatlar söwda we
ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmegini we pugtalandyrylmagyny
bellediler we bu ugurda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdylar.
Ýangyç-energetika toplumy, ulag we logistika, himiýa pudagy, senagat, oba
hojalygy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri ileri tutulýan ugurlar
hökmünde kesgitlenildi.
Söhbetdeşler
medeni-ynsanperwer ugry boýunça netijeli özara gatnaşyklara ünsi çekdiler.
mfa.gov