22-23-nji
oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow «Merkezi Aziýa -
Ýewropa Bileleşigi» 19-njy ministrler duşuşygyna gatnaşmak üçin Lýuksemburgda
iş saparynda bolýar.
Çärä
«5+27» formatda Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň daşary
işler ministrleri gatnaşýar. Duşuşygyň maksady sebitde özara gatnaşyklary
ösdürmek boýunça meýilnamalary beýan etmekden, şeýle hem ählumumy we sebit gün
tertibiniň möhüm meseleleri babatynda pikir alyşmakdan ybarat.
Türkmenistanyň
DIM-niň baştutanynyň iş saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn
hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň we giňeltmegiň meselelerini ara alyp
maslahatlaşmak maksady bilen, birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar göz öňünde
tutulan.
mfa.gov