2023-nji
ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Brýusselde Ýewropa komissiýasy tarapyndan gurnalan,
ÝB-niň we hyzmatdaş döwletleriň hökümetleriniň ýolbaşçylaryny we wekillerini,
hususy pudagy we beýleki gyzyklanýan taraplary birleşdirýän «Global Gateway»
forumy geçirilýär.
Forumyň
maksady, «Global Gateway» strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginde öňegidişligi
açyp görkezmekden ybarat. Onuň çäginde ÝB-niň dünýädäki aragatnaşyk, saglygy
goraýyş, bilim we gözleg ulgamlaryna maýa goýumlaryny meýilleşdirýär.
Çäräni
Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen açdy.
Forumyň
çäklerinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew
ýurdumyzyň infrastrukturasynyň ösüşiniň häzirki ýagdaýy we geljegi barada çykyş
etdi. Ulag pudagynyň ösüşiniň ählumumy arabaglanyşyk üçin ähmiýetiniň çäginde
ministr, ulag we energetika ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak üçin
Türkmenistan tarapyndan başy başlanan taslamalaryň ýerliklidigini nygtady. Hususan-da,
ulag pudagynda sebitleýin maýa goýum taslamalarynyň birnäçesi kesgitlenildi, bu
hem Ýewropa üçin gyzykly bolup biler.
25-nji
oktýabrda forumyň çäginde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri
S.Joraýew bilen Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Bankynyň prezidenti Odile
Reno-Bassonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Ministr Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Bankynyň başlygyna ýurduň BSG-ä goşulmakdaky prosesi we bu babatda Türkmenistanyň daşary söwda derejesi hakynda Ähtnamany taýýarlamak meseleleri barada habar berdi.
Şeýle
hem Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Bankynyň Türkmenistanda hususy pudak bilen
işini güýçlendirmek we ulag pudagynda ileri tutulýan sebitleýin taslamalary
durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şol
gün, Türkmenistan wekiliýetiniň gatnaşmagynda ÝB bilen Halkara Söwda Merkeziniň
arasynda «Türkmenistan-ÝB: Söwdanyň durnuklylygyny we integrasiýany
ýokarlandyrmak» taslamasyny durmuşa geçirmek baradaky şertnama gol çekmek
dabarasy geçirildi. ÝB bilen Halkara Söwda Merkeziniň arasyndaky bu bilelikdäki
taslama, Türkmenistana BSG-ä girmek prosesinde goldaw bermek üçin döredildi.
Gol
çekişlik dabarasynyň çäginde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri
ýurduň dünýäniň söwda ulgamyna işjeň goşulýandygyny belläp, Türkmenistan
tarapyndan BSG-niň kadalaryna we ülňülerine laýyklykda ýurduň kadalaşdyryjy
hukuk binýadyny kämilleşdirmek üçin görülýän çäreleriň möhümdigini aýtdy.
mfa.gov