2024-nji ýylyň 17-nji
ýanwarynda daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler
ministri Raşid Meredow Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinas
bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşykda
taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň
möhüm ugurlaryny we ony ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şunda howpsuzlyk, sanly ulgam, suw hojalygy, ulag we bilim ugurlarynda
gatnaşyklary giňeltmegiň meselelerine aýratyn üns berildi.
Taraplaryň
ikitaraplaýyn esasda, şeýle-de “Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa” formatynda
ýola goýulan uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanmasynyň
bardygy bellenildi.
Duşuşygyň
gün-tertibiniň aýratyn meselesi hökmünde medeni-ynsanperwer gatnaşyklary
çuňlaşdyrmak çykyş edip, bu babatynda bilim we ylym ulgamynda anyk çäreleriň
geçirilmegini gazanmaklyga üns çekildi.
Taraplar
2024-nji ýylyň 29-30-njy ýanwarynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Maýa goýum
boýunça ýokary derejeli Forumyň meseleleri barada pikir alyşdylar.
Taraplar
Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň gatnaşmagynda geçirilmegi
meýilleşdirilýän möhüm çäreleri hem maslahatlaşdylar. Bu ugurda şu ýylda
Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Merkezi Aziýa-Ýewopa Bileleşigi”
formatyndaky nobatdaky ministrleriň duşuşygyny ýokary derejede geçirmeklige we
oňa taýýarlyk görmeklige aýratyn üns berildi.
mfa.gov