2023-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň daşary
işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we
infrastruktura ministri Suheýl Al-Mazrui bilen duşuşyk geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň
meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem geljekki özara gatnaşyklaryň
ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
R.Meredow iki döwletiň ýolbaşçylarynyň arasyndaky
birek-birege ynanyşmak dialogyna esaslanýan türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň
çalt depginde ösýändigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwletara gatnaşyklary, şol
sanda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak nukdaýnazaryndan,
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň noýabrynda,
şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň fewral aýynda Birleşen Arap
Emirliklerine amala aşyran saparlarynyň ähmiýeti nygtaldy.
Ministrler nebit-gaz we himiýa pudaklaryndaky,
elektroenergetikada, ulag-aragatnaşyk we bank ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy
giňeltmek barada pikir alyşdylar.
mfa.gov