2024-nji
ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary
Mähri Bäşimowa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili,
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň
(UNRCCA) ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy.
Duşuşygyň
dowamynda M.Bäşimowa K.Imnadzeni jogapkär wezipä bellenmegi bilen gutlady
hem-de hyzmatdaşlygy we parahatçylygy berkitmek, şeýle hem ýurtlaryň arasynda
özara düşünişmegi saklamak meselesindäki merkeziň tutuş sebit boýunça alyp
barýan işleriniň ähmiýetini aýratyn belläp geçdi.
Türkmenistanyň
“Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy”, BMG-niň Terrorçylyga garşy
göreş gullugy ýaly köptaraplaýyn diplomatiýanyň mehanizmleri bilen işlemek
boýunça başlangyçlaryny işjeňleşdirmek we öňe sürmekde BMG-niň Aşgabatdaky sebit
merkeziniň ornuny artdyrmaga hem-de howpsuzlyk, bilim we hökümet işgärlerini
beýan edildi.
Taraplar
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň çäginde öňe sürlen Türkmenistanyň
başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirdiler. Bu nukdaýnazardan,
ählumumy gün tertibindäki möhüm meseleleri çözmekde Türkmenistanyň toplumlaýyn
çemeleşmesiniň we durmuşa geçirilmegine goşýan goşandynyň ähmiýeti bellenildi.
Diplomatlar
ýakyn wagtda meýilleşdirilýän bilelikdäki çäreleriň meýilnamasyny hem ara alyp
maslahatlaşdylar.
mfa.gov