PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

Täzelikler

Türkmenistanyň ilçisiniň Er-Riýadyň sergiler merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy barada

06.09.2023
Card image cap

2023-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi O.Çaryýew bilen Er-Riýad şäheriniň Sergiler merkeziniň ýolbaşçysy Salman Alataweniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasynda ýokary derejede dowam edip gelýän gatnaşyklaryny nygtadylar. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň ykdysady gazananlaryny hem-de medeni gymmatlyklaryny sergileriň üsti bilen görkezmek babatyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

www.mfa.gov.tm


Bulary hem okaň