2023-nji
ýylyň 23-nji oktýabrda Merkezi Aziýa-ÝB ministrler duşuşygynyň çäginde,
Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Awstriýa Respublikasynyň
Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Aleksander Şallenberg bilen
iş duşuşygy geçirildi.
Gepleşikleriň
dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ösüşiniň
geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. BMG-de hyzmatdaşlygyň we Baş Assambleýanyň
kararnamalaryny goldamagyň ähmiýetini belläp, iki ýurduň arasyndaky
gatnaşyklaryň netijeli häsiýetine ünsi çekdiler. Şu nukdaýnazardan R.Meredow
Awstriýanyň Türkmenistanyň bitaraplyk derejesi babatynda berýän goldawyna
minnetdarlyk bildirdi.
BMG-niň
soňky 16 ýylda Türkmenistan tarapyndan başy başlanan kararnamalaryna esasy üns
berildi. Bu kararnamalar durnukly ulag, energetika, ekologiýa, ählumumy we
sebit howpsuzlygy meselelerine gönükdirilendir. A.Şallenberg Türkmenistanyň
işjeň diplomatik syýasatyny we parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlaryny ykrar
etdi.
ÝHHG
we onuň çäginde Merkezi Aziýanyň orny ýene bir möhüm tema boldy, bu ugurda
Türkmenistan işjeň hyzmatdaşlyga we bu guramanyň işine goldaw bermäge
taýýardygyny tassyklady.
Gepleşikleriň
dowamynda syýasy derejede ministr Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji
mejlisinde öňe sürlen Türkmenistanyň esasy başlangyçlaryny, Ählumumy Howpsuzlyk
Strategiýasyny we ýörelgelerini açyp görkezdi.
Ykdysady
nukdaýnazardan seredeniňde, 2023-nji ýylyň dekabrynda Awstriýanyň işewür
wekiliýetiniň Türkmenistana meýilleşdirilýän sapary möhüm tema boldy.
Sebit
howpsuzlygyny ara alyp maslahatlaşmagyň çäginde esasy üns Türkmenistan bilen
Owganystanyň arasyndaky hyzmatdaşlyga gönükdirildi. Ministrler ynsanperwer we
ykdysady taslamalar barada pikir alyşdylar hem-de Owganystanyň durnuklaşmagyna
we gülläp ösmegine umumy gyzyklanma bildirdiler.
mfa.gov