2024-nji
ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow
Dubaýyň elektrik we suw üpjünçilik Departamentiniň (DEWA) dolandyryjysy we
ýerine ýetiriji direktory Saýed Al Taýer bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda
taraplar suw hojalygy we elektrik
energiýasy pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlaryny ara
alyp maslahatlaşdylar we onuň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak
boýunça hyzmatdaşlyk türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň wajyp ugry hökmünde
kesgitlenildi.
Şol gün Bütindünýä
hökümet sammitiniň çäklerinde R.Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň Senagat we
öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň
(ADNOC) baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşdy. Gepleşikleriň
dowamynda Türkmenistan bilen BAE-niň degişli döwlet edaralarynyň arasynda nebit
senagatynda gatnaşyklary ösdürmegiň, şeýle hem bu pudakda BAE-iň ösen
tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň ähmiýeti
nygtaldy.
Iki döwletiň
Baştutanlarynyň derejesinde gazanylan ylalaşyklara esaslanyp, taraplar olary
durmuşa geçirmegiň anyk ädimlerini maslahatlaşdylar we bu ugurda ýakyn geljek
üçin edilmeli işleri beýan etdiler. Duşuşyga Abu-Dabiniň geljegiň energiýasy
boýunça kompaniýasynyň (MASDAR) baş ýerine ýetiriji direktory Muhammet Jamil
Al-Ramahi hem gatnaşdy.
mfa.gov