Şu ýylyň 4-5-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary bilen Fransuz kompaniýalarynyň arasynda onlarça işewürlik duşuşyklary geçirildi.
Fransuz işewür toparlarynyň wekilleri bilen Geçirilen duşuşyklaryň dowamynda, hususan-da, «Fransiýa-Türkmenistan» Söwda edarasy, «French Healthcare Association» birleşigi, «Coface» maliýe edaralary, «UBAF» Union de Banques Arabes et Françaises, «Société Générale CIB» we «Credit Agricole», «IB2C France» federasiýasy, «CIFAL International Services», «Thales», «Thales Alenia Spaсe», «Airbus», «TOTALENERGIES», «MBDA», «Bouygues Groupe», «VINCI Construction Grands Projets», «BAUDIN CHATEAUNEUF», «CARPI Tech», «Rothschild & Co» kompaniýalary we beýlekiler bilen özara gatnaşyklar meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we geljekde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.