2023-nji ýylyň 23-nji
noýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkiýe
Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidan bilen telefon arkaly
söhbetdeşligi geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda
taraplar türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm mowzuklaryny ara alyp
maslahatlaşdylar. Şunda iň ýokary döwlet derejesinde gazanylan ikitaraplaýyn
ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Türkmenistanyň we
Türkiýäniň daşary syýasy edaralarynyň baştutanlary yzygiderli syýasy dialogy
dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
mfa.gov