2023-nji
ýylyň 22-nji noýabrynda Ýewropa medeniýetiniň Türkmenistandaky günleriniň
çäginde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30
ýyllygyna bagyşlanan metbugat maslahaty ÝB-niň wekilhanasynyň binasynda
geçirildi.
Türkmenistanyň
Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa öz çykyşynda bu şanly sene
mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi we Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen
syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyga
uly ähmiýet berilýändigini nygtady.
Iň
ýokary derejede geçirilýän yzygiderli duşuşyklaryň we gepleşikleriň ugurlaryň
giň toplumy boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine we pugtalandyrylmagyna goşant
goşýandygy bellenildi. Şu nukdaýnazardan, 2023-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda
Nýu-Ýorkda Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ýewropa Geňeşiniň Başlygynyň
arasynda geçirilen duşuşygyň Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigiň hyzmatdaşlygynda
möhüm tapgyra öwrülendigi nygtaldy.
Şeýle
hem türkmen tarapy parlamentara gepleşikleriniň işjeň häsiýete eýe
bolýandygyny, bu ugurda Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýewropa Parlamentiniň
wekilleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklaryna ähmiýet berilýändigini aýtdy.
Duşuşygyň
barşynda «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» hyzmatdaşlyk formaty gatnaşyklary
giňeltmekde möhüm gurallarynyň biri hökmünde bellenildi. Onuň çäklerinde
söwda-ykdysady gatnaşyklary, ulag, sanlylaşdyrma, ekologiýa we energetika pudagyndaky
hyzmatdaşlygy, şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamynda, şol sanda, bilim we
saglygy goraýyş pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen
maksatnamalar we taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Metbugat
maslahatyna gatnaşyjylar gazanylan üstünlikler we geljekki hyzmatdaşlygyň
mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
mfa.gov