2023-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň we
Gana Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler
geçirildi. Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler
ministriniň orunbasary B.Mätiýew, Gananyň wekiliýetine bolsa, Gana
Respublikasynyň daşary işler we sebitleýin integrasiýasy ministriniň orunbasary
Kwaku Ampratwum Sarpong ýolbaşçylyk etdiler.
Geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň
häzirki ýagdaýy seljerildi. Özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça
syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda
hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada pikir beýan edildi.
Köptaraplaýyn diplomatiýanyň, ilkinji nobatda, BMG-niň
çäklerinde iki ýurduň arasyndaky üstünlikli hyzmatdaşlyk bellenip geçildi.
Diplomatlar Türkmenistan bilen Gananyň arasynda
söwda-ykdysady, senagat we oba hojalygy pudaklary boýunça gatnaşyklary
giňeltmek üçin bar bolan mümkinçiliklere aýratyn üns berdiler.
mfa.gov