Eziz watandaşlar!
Hormatly medeniýet we sungat işgärleri!
Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»
ýylynda mähriban Watanymyzda dabaraly bellenilýän Medeniýet we sungat
işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem Gündogaryň
beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300
ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny, maşgala
abadançylygyny, döredijilik äleminde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan tanalmaz derejede özgerýär. Eziz
Diýarymyz beýik özgertmeleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň
syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda iri möçberli döwlet maksatnamalary
üstünlikli amala aşyrylýar.
Watanymyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmakda
medeniýet ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Medeniýet we sungat halkyň ruhy
baýlygydyr. Medeniýet ulgamynyň ösüşleri jemgyýetiň bitewüligini, milletiň ruhy
galkynyşyny üpjün edýär. Şoňa görä-de, berkarar döwletimizde milli
medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy ösdürmek, medeniýet we sungat
işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak ugrunda ähli zerur şertler
döredilýär. Medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga,
sanly ulgamy ornaşdyrmaga, täze medeni maksatly desgalary gurmaga döwletimiz
tarapyndan iri möçberli maýa goýumlar gönükdirilýär.
Welaýatlarymyzda, Aşgabat we Arkadag
şäherlerinde gurlup ulanmaga berilýän medeni aň-bilim edaralary, kitaphanalar,
muzeýler, teatrlar, sirkler, medeniýet öýleri bagtyýar raýatlarymyzyň
medeniýetli dynç almaklaryny üpjün etmekde, ýaş nesilleri watansöýüjilik
ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir.
Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri!
Häzirki döwürde türkmen medeniýetiniň we
sungatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak, döredijilik işgärleriniň hünär
ussatlygyny ýokarlandyrmak, raýatlary il-ýurt bähbitli işlere ruhlandyrmak
maksady bilen, dürli festiwallar, konsertler, sergiler, döredijilik
duşuşyklary, beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler yzygiderli geçirilýär.
Türkmenistanda we dünýä döwletlerinde üstünlikli geçirilýän Medeniýet günleri
dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ýardam berýär. Türkmen halkynyň
Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen guralmagy asylly däbe
öwrülen Medeniýet hepdeliginiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda
sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde geçirilmegi aýratyn many-mazmuna
eýedir. Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň beýik ösüşlerini, medeni-ruhy
kuwwatyny açyp görkezýän, medeniýetiň we sungatyň has-da rowaçlanýan şäheridir.
Garaşsyz ýurdumyzda Medeniýet we sungat
işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly toý-dabaralara
beslenýär. Baýramçylygyň şanyna geçirilýän köpöwüşginli çäreler
watandaşlarymyzyň kalbynda egsilmez şatlyk we buýsanç duýgularyny döredýär.
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň
300 ýyllygyny hem bagtyýar halkymyz agzybirlikde, abadançylykda, bir supranyň
başynda jem bolup, giňden belleýär. Dana Pyragynyň döwlet berkararlygy, il
agzybirligi baradaky nurana arzuwlary täze taryhy döwürde, hormatly
Arkadagymyzyň öňdengörüjiligi, pähim-paýhasy netijesinde hasyl boldy. Bu gün
biz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajaýyp zamanasynda ýaşaýarys, ýurdumyzyň
dünýädäki belent at-abraýyna, şan-şöhratyna guwanýarys.
Eziz watandaşlar!
Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri!
Gahryman Arkadagymyz «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusynda şeýle belleýär:
Hormat goýýas päk ruhunyň baýramyna-toýuna,
Tagzym edýäs zer ýalkymly pikirine-küýüne.
Köpetdagyň eteginde galdy bu gün örboýuna,
Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy.
Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, bu gün
Magtymguly Pyragy Köpetdagyň etegindäki belentlikde örboýuna galyp, berkarar
döwletimize, bagtyýar halkymyza buýsançly nazary bilen seredýär. Akyldar
şahyryň belent başly ýadygärliginde şekillendirilen nurana keşbindäki buýsanç
türkmen döwletiniň baky berkararlygyna bolan beýik ynamdyr.
Mähriban
türkmen halkym!
Hormatly
medeniýet we sungat işgärleri!
Sizi
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni,
şeýle hem Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň
doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden
gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan
döredijilikli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
tdh.gov