Eziz
halkym!
Hormatly uruş weteranlary!
Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda
gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. 1941 — 1945-nji
ýyllar dünýä taryhynyň iň gazaply we hasratly döwri bolup, basybalyjylykly,
talaňçylykly uruş millionlarça adamy pida etdi, öwezini dolup bolmajak
ýitgilere getirdi, ýüreklere öçmejek ýaralary saldy. 1418 güne çeken bu gazaply
urşuň ilkinji günlerinde biziň watandaşlarymyzyň müňlerçesi fronta meýletin
gidip, aldym-berdimli söweş meýdanlarynda doganlyk halklar bilen birlikde
jebisleşip, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezdiler hem-de
orden-medallar bilen sylaglandylar. Gazaply söweş meýdanlarynda wepat bolan we
Ýeňiş bilen öýlerine dolanan türkmenistanly esgerleriň atlary «Hatyra»,
«Şöhrat» atly köp jiltli neşirlere girizildi.
Bu pajygaly döwürde ýurdumyzyň ilaty Ýeňşe bolan beýik
ynamy bilen gije-gündiz janaýamazakly zähmet çekip, bol bugdaý we pagta
hasyllaryny ýygnadylar. Ýüreklere öçmejek ýara salan ýalynly uruş ýyllarynda
müňýyllyklardan gözbaş alýan adamkärçilik, ynsanperwerlik ýörelgelerimize
eýerilip, altyn-kümüş şaý-sepleriniň 7392 kilogramy Goranmak gaznasyna
meýletinlik bilen tabşyryldy. Gelin-gyzlarymyz tarapyndan «Türkmeniň kalby»
atly ägirt uly haly dokalyp, türkmen halkynyň parahat we asuda durmuşa bolan
meýilleri tutuş dünýä ýaýyldy. Merdana pederlerimiziň söweşjeň edermenligi,
gaýduwsyzlygy hakyndaky şöhratly ýatlamalar, ildeşlerimiziň zähmet üstünlikleri
Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ebedi ýazyldy.
Biz Ýer ýüzünde parahatçylygy, nesilleriň asuda,
bagtyýar geljegini gorap, ölmez-ýitmez şöhrat gazanan merdana gerçeklerimize
hem-de gaýduwsyz pederlerimize, tutanýerli zähmeti bilen Beýik Ýeňşiň
gazanylmagynda ägirt uly işleri bitiren watandaşlarymyza çäksiz guwanýarys.
Eziz halkym!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
nusgalyk durmuş mekdebini geçen ýaşuly nesillerimiziň — külli adamzadyň
azatlygy we erkinligi ugrunda göreşe çykan, gije-gündiz zähmet çekip, şanly
Ýeňşi ýakynlaşdyran edermen watandaşlarymyzyň mertebesini belent tutýarys. Her
bir güni milli we halkara ähmiýetli wakalara beslenýän «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy» ýylynda hem Aşgabat şäherinde «Halk hakydasy» ýadygärlikler
toplumyna, ähli şäherlerimizdir obalarymyzda söweşjeň şöhratyň we umumymilli hakydanyň
mukaddes ýerlerine öwrülen ýadygärliklere ter gül desselerini goýup, olaryň
ýagty ýadygärligini ebedileşdirýäris. Ýeňiş güni mynasybetli tutuş ýurdumyzy
gurşap alýan aýdym-sazly medeni-jemgyýetçilik çärelerini geçirýäris, uruş
weteranlarymyza baýramçylyk sowgatlaryny dabaraly gowşurýarys. Bularyň ählisi
biziň 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda erkinlik we azatlyk ugrundaky söweşlerde
wepat bolan gahrymanlarymyza, ýowuz synaglardan abraý bilen geçip, Watana,
halka, adamzada ak ýürekden hyzmat etmegiň görelde mekdebine öwrülen
watandaşlarymyza çuňňur hoşallygymyzyň, çäksiz sarpamyzyň aýdyň beýanydyr.
Eziz watandaşlar!
Özygtyýarly Watanymyzda parahatçylyk we abadançylyk
rowaçlanýar, milli ykdysadyýetimiz depginli ösýär. «Watan diňe halky bilen
Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgämizden ugur
alyp, döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň — ýurdumyzyň her bir
raýatynyň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen işlerimizi
üstünlikli amala aşyrýarys. Pähim-parasatly öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary
bilen jemgyýetimiziň agzybirligini pugtalandyrmaga, ýaş nesilleri
watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge saldamly goşant goşýan
uruş weteranlarymyzyň, aksakgal ýaşulularymyzyň, kümüş saçly enelerimiziň hal-ahwaly
hem-de saglygy bilen yzygiderli gyzyklanyp, köp sanly durmuş ýeňilliklerini
döredýäris. Eziz Watanymyzy söýmegi we oňa wepaly bolmagy, ata-babalarymyzyň
dostluga, hoşniýetlilige, ynsanperwerlige ýugrulan ýörelgelerini, milli
häsiýetlerini mynasyp dowam etdirmegi ündeýän ýaşuly nesillerimiz biziň
buýsanjymyzdyr.
Dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we
durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasatymyz Garaşsyz, hemişelik
Bitarap Türkmenistanyň ýokary halkara abraýyny üpjün edýär. Biz dünýä döwletleri
bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn
ýardam bermek ugrunda çykyş edip, ählumumy meseleleriň oňyn çözgütlerini işläp
taýýarlamaga işjeň gatnaşýarys. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy
esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly
Kararnamanyň kabul edilmegi biziň müňýyllyklardan gözbaş alýan parahatçylyk,
dostluk hem-de ynanyşmak ýörelgelerimizi Ýer ýüzüne giňden dabaralandyrýan we
ylalaşdyryjy merkez hökmünde döwletimiziň şöhratyny dünýä doldurýan buýsançly
wakadyr.
Mähriban halkym!
Hormatly uruş weteranlary!
Sizi Ýer ýüzünde adamzadyň beýik gymmatlyklary bolan
parahatçylygy we ynsanperwerligi dabaralandyrýan sene — 1941 — 1945-nji
ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni bilen ýene-de bir gezek
tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan, bagtyýar durmuş, eziz
Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly
üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň
Prezidenti
Serdar
BERDIMUHAMEDOW.
tdh.gov