2025-nji
ýylyň 11-nji ýanwarynda ir säher bilen türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly
Berdimuhamedow “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäherine
geldi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän hem-de durky
täzelenýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň
gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy
bilen binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen
işleriň depgini barha ýokarlanýar. Bu ýerde durmuş maksatly binalar bilen bir
hatarda, önümçilik toplumlarynyň gurluşygyna-da möhüm ähmiýet berilýär. Munuň
özi şäheriň toplumlaýyn esasda ösdürilmegine giň ýol açýar.
Ir säher bilen Milli Liderimiz Köpetdagyň etegindäki
ajaýyp künjekde ýerleşýän, milli binagärligiň häzirki zaman nusgasyna öwrülen
täze şähere geldi.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Ministrler
Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde «Arkadag medisina klasteriniň birinji
tapgyryny gurmak hakynda», “Arkadag şäheriniň içerki we daşarky agyz suw,
suwaryş, lagym, ýagyn suw, ýapyk drenaž geçiriji ulgamlaryny, ýollary, içerki,
daşarky eltiji elektrik, aragatnaşyk, gaz ulgamlaryny we desgalaryny gurmak
hakynda”, «Arkadag şäherinde çeper halyçylyk kärhanasyny hem-de Türkmen
halysynyň we el işleriniň milli muzeýini gurmak hakynda» Kararlara gol çekdi.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman
Arkadagymyz, ilki bilen, Gökdepe şaýolunyň ugrunda üstaşyr geçýän, durky
täzelenýän köp zolakly köpriniň şekil taslamalary, desganyň bezeg
aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň, köpriniň sütünleriniň görnüşleri bilen
tanyşdy. Milli Liderimiz bu ýerde ulaglaryň sazlaşykly hereketiniň üpjün
edilmegini özünde jemleýän şertleriň döredilmelidigini belläp, birnäçe
tabşyryklary berdi. Halk Maslahatynyň Başlygy görkezilýän şekil taslamalaryny
synlap, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi.
Ýol-ulag düzümine degişli möhüm desgany döwrebaplaşdyrmak işlerine häzirki
zamanyň talabyna laýyk derejede çemeleşilmelidir, onda ulanylýan gurluşyk
serişdeleriniň hiline, berkligine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, Gahryman
Arkadagymyz nygtady.
Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň gurluşygynyň
ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň, durky
täzelenýän, gurulmagy teklip edilýän durmuş maksatly desgalaryň taýýarlanan
şekil taslamalary hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça
döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa
şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän we teklip
edilýän önümçilik toplumlarynyň, beýleki desgalaryň şekil taslamalary, olaryň
ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler. Görkezilýän
taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň, söwda we
işewürlik merkeziniň, lukmançylyk klasteriniň edara binasynyň, sanjym önümleriniň
önümçilik desgasynyň, çeper halyçylyk kärhanasynyň, Türkmen halysynyň we el
işleriniň milli muzeýiniň şekil taslamalary, gurulmagy teklip edilýän täze
medeni-dynç alyş merkezi üçin niýetlenen ýer böleginiň çyzgylary bar.
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryndaky
täze binalaryň we desgalaryň gurluşygyna häzirki zamanyň şähergurluşyk
maksatnamasynyň talaplaryna laýyk derejede çemeleşilmelidigini belläp, Gahryman
Arkadagymyz bu işlerde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, binalaryň
ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagynyň möhüm talap bolup
durýandygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz täze şäheriň çäklerinde gurulmagy
teklip edilýän desgalaryň gurluşygyna bolşy ýaly, olaryň bezeg işlerine we
oturdyljak şekilleriň göze gelüwli bolmagyna-da üns berilmelidigini aýtdy.
Aýratyn-da, şäheriň täze medeni-dynç alyş merkezinde oturdyljak şekillere örän
jogapkärçilikli çemeleşilmelidir. Iň esasysy bolsa, millilige möhüm orun
degişli bolmalydyr. Şunda milli binagärlik ýörelgeleri bilen döwrüň ösen tejribesi
utgaşdyrylmalydyr, ýerli tebigy aýratynlyklar göz öňünde tutulmalydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, halkymyz
geçmişde suwy tygşytly peýdalanmak babatda baý tejribe toplapdyr. Birnäçe
guýularydyr kärizleri gazyp, ekinleri netijeli suwarypdyr. Umuman, suwuň her
damjasy altyna deňelipdir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bu asylly
ýol-ýörelgeler häzirki wagtda hem mynasyp dowam etdirilýär. Şoňa görä, Milli
Liderimiz guruljak medeni-dynç alyş merkeziniň çäginden geçjek ýap suwunyň ýeri
kesgitlenende örän oýlanyşykly we jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini nygtady.
Bu merkeziň çäginiň özboluşlylygy, onuň bezeg aýratynlygy ata-babalarymyzdan
gelýän däp-dessurlarymyza laýyk bolmaly diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni
dowam etdi hem-de bu ýerde ýörite myhmanhananyň, naharhananyň gurulmalydygyny
aýtdy we olarda hakyky türkmen dünýäsiniň açylyp görkezilmelidigi barada
degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi. Türkmen myhmansöýerliginden ugur alyp,
bu ýerde milli tagamlarymyz, datlydan-datly nygmatlarymyz hödür-kerem edilmeli.
Bu ýere geljek myhmanlarda halkymyzyň täsin gymmatlyklary uly täsir galdyrmaly
diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Milli
Liderimiz seýilgähiň çäklerinde türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen we dünýäde
uly şöhrata eýe bolan bedewleriň şekilleriniň oturdylmagynyň ähmiýetli
boljakdygyny belledi. Şunda her bir bedewiň haýsy nesil ugruna degişlidigi,
olaryň taryhy we at çapyşyklarynda gazanan ýeňişleri baradaky maglumatlar
jemlenmelidir hem-de uly ekranly elektron enjamda sanly ulgam arkaly beýan
edilmelidir. Häzirki zaman şähergurluşyk maksatnamasynyň uly üstünligi hökmünde
ykrar edilen Arkadag şäherinde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen Akhan atly
bedewiň heýkeliniň oturdylmagy, onuň şäheriň merkezi künjegine özboluşly bezeg
bermegi milli binagärligiň üstünlikli çözgüdi hökmünde kabul edildi. Ahalteke
bedewleriniň taryhyna, olaryň nesil ugurlaryna, türkmen bedewleriniň dünýäniň
seýisçilik sungatynda eýeleýän ornuna bagyşlap birnäçe kitaplary ýazan Gahryman
Arkadagymyz bedewleriň taryhyň dowamynda halkymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeländigini
yzygiderli belleýär.
Milli Liderimiz täze şäheriň ekologik ýagdaýynyň
ýokary derejede saklanmagy, binalaryň Arkadag şäheriniň ruhuna kybap derejede
bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigi bilen baglanyşykly meselelere hem
häzirki zaman ylmynyň gazananlary esasynda, şähergurluşyk maksatnamasynyň
talaplaryna laýyklykda çemeleşilmelidigine ünsi çekdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde iş maslahatyny
geçirdi. Oňa Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen desgalaryň
gurluşygyna gatnaşýan ýerli hususy gurluşyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary hem
gatnaşdylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy
boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow häzirki döwürde täze şäherde alnyp
barylýan işler, gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşygyna gatnaşýan
ýerli gurluşyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen gepleşikler barada
hasabat berdi.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman
Arkadagymyz önümçilik maksatly binalaryň hersiniň alyp barjak iş ugruna
laýyklykda gurulmalydygyny, aýratyn-da, olaryň enjamlaşdyrylyşyna wajyp ähmiýet
berilmelidigini belledi. Şunda ýerli çig mallar esasynda ýola goýulýan
önümçiligiň sazlaşykly hereketi üpjün edilmelidir. Milli Liderimiz şäheriň
ikinji tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň döwrebap derejede alnyp
barylmagynyň, önümçilik toplumlarynyň bellenen möhletlerde ulanmaga
berilmeginiň häzirki döwrüň möhüm wezipesidigine ünsi çekdi. Şol bir wagtyň
özünde, önümçilik maksatly desgalaryň, aýratyn-da, lukmançylyk klasteriniň
binalaryny enjamlaşdyrmak işleri täzeçil tehnologiýalara esaslanmalydyr.
Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň
döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleri bilen bir hatarda,
degişli arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň talabalaýyk ýola goýlandygy
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işleriň depginini ýokarlandyrmak,
yzygiderli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek meseleleri hemişe gözegçilikde
saklanylýar. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň ekologik derejesiniň birnäçe
halkara güwänamalara mynasyp bolandygyny nygtap, Arkadag şäherinde degişli
ekologik ýagdaýy saklamak boýunça hemmetaraplaýyn işleriň amala
aşyrylmalydygyna ünsi çekdi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň ikinji
tapgyrynyň gurluşygyna gatnaşýan “Garagum”, “Saýaly menzil”, “Dost gurluşyk,
söwda, önümçilik”, “Ýedi ýer”, “Ajaýyp gurluşyk” hojalyk jemgyýetleriniň,
“Mukaddes gün”, “Aktab”, “Berk teker” hususy kärhanalarynyň ýolbaşçylary alyp
barýan işleri barada hasabat berdiler.
Aýratyn-da, hormatly Prezidentimiziň Arkadag medisina
klasteriniň birinji tapgyryny gurmak hakynda we Arkadag şäherinde degişli
inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň taslamalaryny düzmek, çeper
halyçylyk kärhanasynyň, Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýiniň
taslamasyny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada
gol çeken resminamalaryna laýyklykda, degişli toplumlaryň gurluşygy ynanylan
ýerli kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenildi. Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan gurluşyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary,
ilki bilen, häzirki döwürde ýerine ýetirýän işleriniň netijeleri, täze
gurluşyklara başlamak boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat
berdiler. Şeýle hem olar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýat bolan
şäherde amala aşyrylýan taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga
bildirilen uly ynam üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza
hoşallyk bildirdiler.
Ýurdumyzda, şol sanda Arkadag şäherinde
ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işlerine gatnaşmagyň özleri üçin belent
mertebedigini nygtap, telekeçiler daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alşyp,
bu ugurda baý tejribe toplandyklaryny bellediler. Döwletimizde senagat pudagy
toplumlaýyn ösdürilip, önüm öndürijilerimiz ýerli çig maldan peýdalanýarlar.
Beýleki önümler bilen bir hatarda, dürli görnüşdäki lukmançylyk serişdelerini
öndürýärler. Bu önümler hili, ekologik taýdan arassalygy babatda dünýä
bazarlarynda uly islege eýe bolýar. Bu günki gün türkmen telekeçileri öz
kärdeşleri bilen, hususan-da, Koreýa Respublikasynyň işewürleri bilen özara
tejribe alşyp, ýokary derejedäki işleri ýola goýýarlar.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman
Arkadagymyz ýerli telekeçileriň ýurdumyzyň altyn gaznasy hasaplanýandygyny,
olaryň işiniň talabalaýyk alnyp barylmagy ugrunda döwlet tarapyndan zerur
goldawlaryň berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda kiçi we
orta telekeçiligiň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Milli Liderimiz bu
ýerde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işlerinde häzirki zamanyň täzeçil
tehnologiýalarynyň we döwrebap usullarynyň ulanylmalydygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gurluşykçy telekeçilere bu ýerde uzak
geljegi nazarlaýan taslamalaryň ynanylandygyny belläp, olaryň bina galdyrmak,
köpri gurmak ýaly il içinde sogap hasaplanylýan işleri ýerine ýetirmek arkaly
taryhda möhüm orun eýelejekdiklerine we asylly işleriň netijelerini geljek
nesillere ýetirjekdiklerine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy 2030-njy ýyla çenli
senagatlaşdyrmak babatda alyp barýan syýasatynyň netijesinde ähli ulgamlara
innowasion tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar. Sanly mümkinçilikler
halkymyza ýokary hilli hyzmatlary hödürlemäge şert döredýär. Häzirki wagtda
multimedialaşdyrylan enjamlar görlüp-eşidilmedik ýeňillikleri öz içine alýar.
Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary hem şeýle ýeňilliklerden netijeli peýdalanýarlar.
Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň şu güni we
ýagty geljegi babatda edýän yzygiderli tagallalarynyň miwesidir.
Milli Liderimiz hormatly Prezidentimiziň gol çeken
resminamalarynda kesgitlenen önümçilik toplumlarynyň we durmuş maksatly
binalaryň gurluşygyny ýokary derejede ýerine ýetirmek boýunça alyp barýan
işlerinde telekeçilere üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag
şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa we Arkadag
şäheriniň häkimi G.Mämmedowa ýüzlenip, olara täze şäheriň nobatdaky gurluşygynyň
işini sazlaşykly ýola goýmak we olaryň depginlerini ýokarlandyrmak babatda
telekeçiler bilen bilelikde işlemegi tabşyrdy.
Iş maslahatyny jemläp, Gahryman Arkadagymyz Arkadag
şäherine gelip gowşan, onuň jemagat hojalygy gullugynyň zerurlyklaryna niýetlenen
täze tehnikalar, olaryň aýratynlyklary hem-de mümkinçilikleri bilen tanyşdy.
Milli Liderimiz hormatly Prezidentimiziň satyn alyp beren ýokary öndürijilikli
tehnikalarynyň netijeli ulanylmalydygyny, olary öz işine ussat, kämil
hünärmenleriň dolandyrmalydygyny belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara
anyk tabşyryklary berdi. Olaryň netijeli peýdalanylmagy şäherde arassaçylyk
işlerini ýokary derejede ýola goýmaga mümkinçilik berer.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag
şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag
şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze tehnikalaryň netijeli ulanylmagy bilen
baglanyşykly meseleleriň gözegçilikde saklanyljakdygyny belläp, Arkadag
şäherinde alnyp barylýan işlere yzygiderli goldaw berýändikleri üçin Gahryman
Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza täze şäheriň ýolbaşçy
düzüminiň we ilatynyň adyndan hoşallyklaryny beýan etdiler.
Gahryman Arkadagymyz hemmelere alyp barýan işlerinde
mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
tdh.gov