Düýn
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny
amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän
desgalaryň taslamalary hem-de gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy,
olarda ulanylýan gurluşyk, bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdy we
degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Häzirki
wagtda milli şähergurluşyk maksatnamasynyň we dünýäniň binagärlik tejribesiniň
ajaýyp nusgasyna öwrülen Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp
barylýan işleriň depgini barha ýokarlanýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz
tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary
netijesinde dowam etdirilýän giň möçberli şähergurluşyk-binagärlik
maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek babatda hemmetaraplaýyn tagalla edilýändiginiň
aýdyň beýanydyr.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine gelip,
ilki bilen, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň,
Çeper halyçylyk kärhanasynyň binalarynyň ýerleşdiriljek ýerlerini synlady.
Şeýle hem bu ýerde şäherde bina edilýän desgalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli
dürli serişdeler görkezildi. Gahryman Arkadagymyz önümçilik toplumlarynyň
ýerleşjek ýerlerini synlap, binalaryň gurluşygynyň ýokary hil derejesine eýe
bolmagynyň we olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagynyň möhüm talap bolup
durýandygyna ünsi çekdi. Bu ýerde gurulýan dürli maksatly desgalar täze şäheriň
binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir.
Milli
Liderimiz bu ýerde görkezilen şekil taslamalary, gurluşygy meýilleşdirilýän
binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we gurluşyklarda ulanylýan dürli bezeg
serişdeleriniň, yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri bilen tanyşdy. Bular barada
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça
döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hasabat berdi. Bu ýerde Arkadag şäherinde
gurulmagy meýilleşdirilýän hem-de gurluşyklary dowam edýän desgalaryň
taslamalary görkezildi. Şolaryň hatarynda Arkadag şäheriniň döwlet muzeýiniň,
awtomobil menziliniň desgalarynyň taslamalary, Arkadag şäheriniň lukmançylyk
klasteri we onuň çäklerinde önümçilik toplumlarynyň ýerleşjek ýerleriniň
çyzgylarynyň görnüşleri bar.
Hormatly
Arkadagymyz görkezilýän taslamalar, gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň
ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, bezegleriniň görnüşleri bilen tanşyp, olara
birnäçe belliklerini aýtdy we düzedişlerini girizdi. Döwlet muzeýinde
halkymyzyň baý taryhyna degişli gymmatly maglumatlar, şekiller
ýerleşdirilmelidir. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde Arkadag şäheriniň ösüşine
degişli gymmatlyklaryň goýulmagy wajypdyr. Täze şäherde şanly seneleriň
dabaralandyrylmagy, aýratyn-da, Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp garşylamak
bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidir. Guralýan dabaralarda
Arkadag şäheriniň şu güni we geljekki ösüşi, bu ýerde gazanylýan üstünlikler,
şäher ilatynyň bagtyýar durmuşy öz beýanyny tapmalydyr. Şanly seneleriň
hormatyna guralýan medeni-köpçülikleýin çäreler täze şäheriň gurluşyklarynyň
waspyny özünde jemlemelidir diýip, Milli Liderimiz belledi we bu babatda birnäçe
anyk görkezmeleri berdi.
Gahryman
Arkadagymyz alnyp barylýan gurluşyk işlerinde öňdebaryjy tehnologiýalaryň we iň
gowy tejribäniň işjeň ulanylmagynyň, bina edilýän dürli maksatly desgalaryň
döwrebap enjamlaşdyrylmagynyň, şäherde ýokary ekologik derejäniň saklanmagynyň
möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigini belledi. Binalaryň bezeg
aýratynlyklaryna, köprüleriň germewleriniň ykjamlygyna-da zerur üns
berilmelidir. Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynda
öndüriljek önümleriň ýokary hil derejesine we ösen halkara görkezijilere laýyk
gelmegi ugrunda tagalla edilmelidir. Önümçilik toplumlarymyzda ornaşdyrylýan
enjamlar dünýäniň ösen tehnologiýalaryna esaslanmalydyr.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda
meýilleşdirilýän desgalaryň hem birinji tapgyrdaky ýaly ýokary derejede
gurulmalydygyny, olaryň hil derejesiniň ünsden düşürilmeli däldigini aýtdy we
bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça
döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi
G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda täze şäheriň
gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iş
maslahatynyň barşynda D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda
gurulmagy meýilleşdirilýän binalar üçin kesgitlenen ýer bölekleri, gurluşygy
alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, gurluşyk işleriniň depginlerini
ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň Ýewropa Hil barlaglary jemgyýetiniň halkara hil
baýragyna mynasyp bolandygyny guwanç bilen habar berdi we Gahryman Arkadagymyza
degişli baýragy kabul etmek we bu ugur boýunça tejribe alyşmak maksady bilen,
Arkadag şäheriniň wekiliýetini Awstriýa Respublikasyna iş saparyna ugratmaga
hormatly Prezidentimizden rugsat soramak baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Milli
Liderimiz täze şäheriň ikinji tapgyrynda önümçilik maksatly desgalar toplumynyň
gurluşyklarynyň amala aşyrylmagynyň şäheriň ykdysady taýdan kuwwatlanmagy bilen
bir hatarda, täze iş orunlarynyň döredilmegini hem şertlendirjekdigine ünsi
çekdi. Bu bolsa häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Şunda
lukmançylyk klasterine degişli desgalar toplumynyň gurluşyk işleriniň hil
derejesine we olaryň bellenilen möhletlerde gurlup ulanmaga tabşyrylmagyna
aýratyn ähmiýet berilmelidir. Gahryman Arkadagymyz D.Orazowyň haýyşyny hormatly
Prezidentimize ýetirjekdigini aýtdy.
Binýat
bolan döwründen bäri täze şäheriň dürli ugurlar boýunça birnäçe halkara
güwänamalara we degişli diplomlara mynasyp bolmagy bu ýerde ýerine ýetirilýän
işleriň ýokary hil derejesine, halkara görkezijilere laýyk gelýändiginiň,
Arkadag şäherinde ýokary ekologik ýagdaýyň saklanmagy ugrunda tagalla
edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr diýip, Milli Liderimiz belledi hem-de bu
ugurda alnyp barylýan işleri degişli derejede dowam etdirmegi tabşyrdy.
Arkadag
şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde täze şäheriň çäklerinde alnyp
barylýan giň möçberli arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri barada hasabat
berdi. Arkadag şäherinde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly
seneleriň, Halkara Bitaraplyk gününiň, Täze ýyl baýramçylygynyň şanyna guraljak
dabaralara ýokary derejede taýýarlyk görülýär.
Gahryman
Arkadagymyz täze şäheriň ýaşaýyş jaýlarynyň durmuş üpjünçiligi meseleleriniň
hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny belledi. Şeýle hem bu ýerde şanly seneler
mynasybetli guralýan dabaralaryň şatlykly pursatlara, ýatda galyjy wakalara
beslenmelidigini aýtdy. Guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde Watanymyzyň
okgunly ösüşi, halkymyzyň bagtyýar durmuşy we Arkadag şäherinde gazanylýan
ajaýyp üstünlikler öz beýanyny tapmalydyr.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri baýramçylyklar mynasybetli, bagtyýar watandaşlarymyzyň
Arkadag şäherinden jaý almak bagtyna eýe bolmaklary baradaky işleri ýokary
derejede guramalydygyny aýtdy hem-de öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde
üstünlikleri arzuw etdi.
Gahryman
Arkadagymyz ýurdumyzyň ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygynyň
şaýady bolan täze şäheriň çägi bilen gidip barşyna Akhan hem-de Köpetdag
şaýollarynyň çatrygynda ýerleşýän aýlaw ýolunyň deňinde saklandy. Bu ýerde
halkalaýyn aýlaw ýolunyň gurluşygy batly depginde dowam edýär. Onda häzirki
zamanyň gurluşyk serişdeleriniň ýokary hilli we döwrebap görnüşleri ulanylýar.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Milli Liderimiz bu ýerde ulanylýan
gurluşyk serişdeleriniň berklik, uzak möhletleýinlik we bezeg babatda ösen
talaplara laýyk gelmelidigini belledi. Şeýle hem toplumyň ýanaşyk ýerleri
göwnejaý abadanlaşdyrylmalydyr, bezeg işlerinde reňkleriň sazlaşygyna möhüm
ähmiýet berilmelidir. Gahryman Arkadagymyz bu babatda birnäçe belliklerini
aýtdy we olary ýokary derejede ýerine ýetirmelidigini nygtady.
Milli
Liderimiz halkalaýyn aýlaw ýolunyň gurluşygyny we onuň merkezi künjeginde
ýerleşdirilýän şekilleri synlap, bu binany “Taýçanak” diýip atlandyrmak barada
öz maslahatlaryny berdi. Çünki bedew ähli arzuwlaryň wysalydyr. Bedewe atlanan
belent maksatlar bilen ak ýola rowanadyr. “Taýçanak” aýlawynyň ussat seýis Aba
Annaýewiň adyny göterýän şäherçäniň golaýyndaky künjekde ýerleşdirilmegi, bu
ýerde 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen athananyň bolmagy özboluşly
sazlaşygy emele getirýär.
Gahryman Arkadagymyz “Taýçanak” binasynyň uzaklardan
seleňläp görünmelidigini, islendik adamda uly täsir galdyrmalydygyny, umuman,
onuň gurluşygynyň döwrebap derejede alnyp barylmalydygyny nygtady we hemmelere
üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
tdh.gov