Düýn
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny
amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
alyp barýan işi, şäheri mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri, ösüp gelýän ýaş
nesliň saglygyny dikeltmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler bilen
gyzyklandy.
Ir säher bilen Milli Liderimiz Köpetdagyň etegindäki
ajaýyp künjekde bina edilen täze şähere geldi. Häzirki döwürde bu ýerde
döwrebap şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bir
hatarda, türkmen halkynyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgelerine laýyklykda,
ynsanperwer ähmiýetli işlere-de möhüm üns berilýär. Bu bolsa halkymyzyň
ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň
berkidilmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň rowaçlyklara beslenmegini
şertlendirýär.
Gahryman Arkadagymyz haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag
şäherindäki ştab-kwartirasynda bolup, bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga
mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti
R.Bazarowyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy
boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň, şäheriň häkimi G.Mämmedowanyň,
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň
direktory M.Öküzowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda şu ýylyň
dowamynda degişli düzümler boýunça alnyp barylýan işler hem-de öňde goýlan
wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda işlenip taýýarlanan maksatnamalar
barada habar berildi.
Ilki bilen, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek
boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan meýilnamalaýyn işleri barada
aýdylyp, şunda gaznanyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň we ony
yzygiderli ösdürmegiň meselelerine aýratyn ähmiýet berildi. R.Bazarow
hasabatynda kömege mätäç çagalaryň 400-den gowragyna degişli operasiýalaryň
geçirilendigini, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň
welaýatlarynyň çagalar sagaldyş merkezlerine haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “B.Braun” kompaniýasynyň dowamly böwrek
keselinden ejir çekýän näsaglaryň saglygyny gowulandyrmaga ýardam berýän
“Dialog+” kysymly gemodializ enjamlarynyň sowgat berlendigini aýtdy. Mundan
başga-da, gaznanyň hasabyna dünýäniň birnäçe döwletiniň tebigy heläkçilikler
zerarly ejir çeken çagalaryna ynsanperwerlik ýükleriniň ugradylandygy,
ýurdumyzda bellenilýän şanly seneler mynasybetli çagalara ýörite sowgatlaryň
gowşurylandygy barada hasabat berildi. Aýratyn-da, gaznanyň howandarlyk etmeginde,
14 ýaşa çenli çagalaryň arasynda yglan edilen “Biz — Arkadag Serdarly Watanyň
bagtyýar nesilleri” atly surat çekmek bäsleşiginiň ähmiýetli bolandygy
nygtaldy.
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda alnyp barylýan asylly
işleriň, aýratyn-da, ynsanperwer ýörelgeleriň adamlary belent maksatlara
ruhlandyrýandygyny belledi. Döwletimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde amala
aşyrylýan ýagşy dessurlar ösüp gelýän ýaş nesillerde watansöýüjilik,
zähmetsöýerlik ýörelgelerini, tebigata aýawly çemeleşmek endiklerini ösdürmekde
möhüm orny eýeleýär. Häzirki wagtda döwlet derejesinde kömege mätäç çagalara
goldaw bermek boýunça işler durmuşa geçirilýär, Bu işler ýaşlaryň döretmäge,
ýokary derejeli hünär almaga höwesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Milli Liderimiz çeper döredijilik bilen meşgullanýan
çagalaryň çeken suratlaryny synlap, olarda gözel tebigatymyzyň, sahawatly
türkmen topragynyň özboluşly aýratynlyklarynyň şekillendirilmeginiň ösüp gelýän
ýaş nesilleriň Watanymyza, Diýarymyzyň özboluşly tebigatyna bolan söýgüsiniň we
buýsanjynyň aýdyň beýanydygyny aýtdy we bu işleri yzygiderli dowam etdirmegiň
wajypdygyna ünsi çekdi. Hormatly Arkadagymyz öňde durýan wezipeleriň üstünlikli
ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli, toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň
zerurdygyna ünsi çekdi hem-de degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri
berdi.
Arkadag şäheriniň häkimi ýurdumyzda giňden bellenilýän
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guraljak dabaralara taýýarlyk, şu ýyl
1-nji synpa kabul edilen çagalara hormatly Prezidentimiziň adyndan
kompýuterleri gowşurmak, Arkadag şäherindäki umumybilim berýän 1-nji orta
mekdepde BMG-niň Çagalar gaznasynyň goldaw bermeginde Robototehnika bilim
merkezini açmak dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Arkadag şäheriniň orta we ýörite orta okuw mekdeplerinde, şeýle-de ýokary okuw
mekdebinde täze okuw ýylynyň ilkinji sapagynyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly
Pyragy” ýylyna bagyşlanjakdygy barada aýdyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri gazanylýan
üstünlikleriň, syýasy, jemgyýetçilik, halkara ähmiýetli wakalaryň Watanymyzyň
dünýä giňişligindäki abraýynyň belende galýandygyny görkezýändigini belledi
hem-de ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, watansöýüjilik ruhunda
terbiýelenmekleri, döwrebap bilim almaklary, bedenterbiýe we sport bilen
meşgullanmaklary bilen baglanyşykly meselelere döwletimiz tarapyndan möhüm
ähmiýet berilýändigini aýtdy. Meýilleşdirilen ähli çäreleriň, şol sanda
Bilimler we talyp ýaşlar güni, Garaşsyzlyk baýramy, Saglygy goraýyş we derman
senagaty işgärleriniň güni, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli göz öňünde
tutulýan medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde
geçirilmegi ugrunda bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyny belläp, Gahryman
Arkadagymyz dabaralarda ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça gazanýan
üstünlikleriniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň öz beýanyny tapmalydygyny
aýtdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy Bilimler we talyp ýaşlar
güni mynasybetli guralýan dabaralaryň giň gerime eýe bolýandygyna ünsi çekip,
şanly sene mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýakyndan goldaw
bermeginde Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynda umumybilim berýän orta
mekdebiň açylyş dabarasynyň geçirilmeginiň halkymyzyň ynsanperwer
ýörelgeleriniň, dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilýändiginiň beýanydygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri dostlukly döwletiň
türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan welaýatynda ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň bina
eden täze mekdebinde okajak okuwçylara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
hasabyna kompýuterleriň gowşurylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Munuň özi halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň halkara derejede-de dabaralandyrylýandygynyň
güwäsine öwrüler.
Gahryman Arkadagymyz halkara hyzmatdaşlyk baradaky
gürrüňi dowam edip, ýurdumyzda abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG-niň
Çagalar gaznasy bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet
berilýändigini belledi. Şunda hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda,
çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi, olaryň dünýä ylmyna çuňňur
aralaşmaklary, halkara derejede geçirilýän bäsleşiklere gatnaşmaklary bilen
baglanyşykly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Şeýle
çäreler ýaş nesilleriň zähmetsöýer bolup ýetişmekleri, häzirki zamanyň täzeçil
tehnologiýalaryny, sanly ulgamy ussatlyk bilen ele almaklary ugrunda edilýän
aladanyň aýdyň netijesidir. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň sportuň dürli
görnüşleri, çeper döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin uly mümkinçilikler
döredilýär.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag
şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow häzirki döwürde
sebitde ilkinji “akylly” şäher hökmünde ykrar edilen täze şäheriň gurluşygynyň
ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
bu ýerde durmuş maksatly binalar bilen bir hatarda, önümçilik toplumlarynyň
gurluşyklaryna hem badalga berildi. Munuň özi Arkadag şäheriniň hemmetaraplaýyn
sazlaşykly ösüş ýoluna düşendiginiň nobatdaky beýanydyr. Şeýle-de Koreýa
Respublikasynyň Seul şäherinde geçiriljek “akylly” şäherleriň “World Smart Сity Eхpo” Bütindünýä
sergisine gatnaşmak üçin türkmen wekiliýetiniň öňde boljak sapary barada habar
berildi. Onda “akylly” tehnologiýalara esaslanýan Arkadag şäheriniň
mümkinçilikleri görkeziler. Seul şäherine şu ýylyň 1 — 7-nji sentýabry
aralygynda boljak gulluk iş saparynyň çäklerinde wekiliýet agzalary Koreýa
Respublikasynyň lukmançylyk serişdelerini öndürýän kompaniýalarynyň wekilleri
bilen duşuşyklary geçirerler, ýurduň ugurdaş kärhanalarynyň işleri bilen
tanşarlar.
Geljegiň, döredijiligiň, ýaşlygyň şäheri hökmünde
ykrar edilen we “akylly” şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan Arkadag
şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýokary hil
derejesine we ekologik talaplara laýyk gelmelidigini belläp, hormatly
Arkadagymyz bu ýerde dünýäniň ösen tejribesiniň milli binagärlik ýörelgeleri
bilen utgaşdyrylmalydygyna ünsi çekdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Koreýa Respublikasynda
geçiriljek Bütindünýä sergisi barada aýtmak bilen, onda Arkadag şäheriniň
özboluşly ajaýyplyklarynyň ýokary derejede öz beýanyny tapmalydygynyň, ugurdaş
düzümleriň wekilleri bilen duşuşyklaryň guralmagynyň, özara tejribe
alşylmagynyň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ýurdumyzda ornaşdyrylmagy babatda
zerur tagallalaryň edilmeginiň ähmiýetli boljakdygyny belledi.
Mälim bolşy ýaly, Koreýa Respublikasy Türkmenistanyň
işjeň gatnaşyk saklaýan hyzmatdaşlarynyň biridir. Häzirki döwürde paýtagtymyzda
Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkezi hereket edýär we
ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde koreý dili öwredilýär. Şunuň
bilen baglylykda, dostlukly ýurda sapara iberiljek wekiliýetiň düzümine ugurdaş
düzümleriň agzalarynyň, bu ugur boýunça bilim alýan talyp ýaşlaryň goşulmagy
ähmiýetli bolar. Alym Arkadagymyz munuň türkmen ýaşlarynyň dünýä ylmyna çuňňur
aralaşmaklaryna, halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine giň ýol açjakdygyny
aýdyp, bu ugurdaky işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Lukman Arkadagymyz täze şäherde iň ýokary hilli
enjamlar bilen enjamlaşdyrylan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar
sagaldyş-dikeldiş merkeziniň işe başlamagynyň ýurdumyzda hemaýata mätäç
çagalara kömek etmek boýunça giň gerimli işleri ep-esli giňeltmäge mümkinçilik
berendigini belledi we bu babatda alnyp barylýan işler barada hasabat bermek
üçin merkeziň direktory M.Öküzowa söz berdi.
Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi tarapyndan degişli
döwürde alnyp barlan işler bilen baglanyşykly meseleler baradaky hasabatyň
çäklerinde bu ýerde näsag çagalaryň 20-ä golaý görnüşli bejergi alandyklary
aýdyldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasatda sagdyn
durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilmeginiň aýdyň
netijesidir.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 —
2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda”
kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygy baradaky
alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şunda
kömege mätäç çagalara hemaýat bermek, olaryň saglyklaryny berkitmek
meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaş raýatlaryň durmuş taýdan
goraglylygyny üpjün etmegiň, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini
gazanmagyň türkmen halkyna gadymdan mahsus ruhy-ahlak ýörelgelerdigini belläp,
lukman Arkadagymyz jemgyýetimizde öňden kemala gelen durmuş ýörelgeleriniň
yzygiderli wagyz edilmeginiň ähmiýetlidigine ünsi çekdi.
“Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň
ähli sebitlerinde häzirki zaman saglygy goraýyş edaralary, kliniki we
ylmy-kliniki merkezler bina edildi. Olarda alnyp barylýan bejergi işleri döwrüň
talaplaryna doly laýyk gelýär. Şunda Arkadag şäheriniň Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň işini degişli
derejede guramagyň zerurdygyny belläp, Milli Liderimiz bu babatda birnäçe
görkezmeleri berdi.
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda asylly işleri
dabaralandyrmak bilen bagly wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde hemmelere
rowaçlyklary arzuw etdi.