08.11.2025
Şu
gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan
binýat bolan Arkadag şäherinde hem ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki
möwsümine badalga berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen
umumymilli çäre halal zähmetiň joşguny we belent ruha beslenen aýdym-sazly
dabaralar bilen utgaşykly dowam etdi.
Ösüşleriň
belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzyň çar künjeginde giň möçberli
tokaý zolaklaryny, döwrebap seýilgähleri döretmek Gahryman Arkadagymyz
tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda
üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda
kesgitlenildi. Diýarymyzda ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky hem-de güýzki
möwsümleriniň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň
ekologiýa syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.
...Ir
bilen Gahryman Arkadagymyz “akylly” şäheriň çäklerinde ählihalk bag ekmek
dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde Milli Liderimiz mähirli
garşylanyldy. Täze şäheriň çäklerinde baýramçylyga mahsus ýagdaý emele geldi.
Sogap işe gatnaşýanlaryň ruhubelentligi, medeniýet we sungat ussatlarynyň
joşgunly çykyşlary çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Bu
ýerde aýdymçylar bilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gatnaşmagynda
edebi-sazly kompozisiýa ýaýbaňlandyryldy. Bu bolsa dünýäde belent şöhrata
mynasyp bolan ahalteke bedewleriniň gözelligi bilen ynsan kalbyna oňyn täsir
edýän ýakymly owazlaryň özboluşly sazlaşygynyň emele gelmegini şertlendirdi.
Ahalteke bedewleriniň gadymy mekanynda guralan dabarada halkymyzyň agzybirligi,
asylly işlere bolan höwesi, ýurdumyzyň abadançylygy öz beýanyny tapdy.
Asyrlaryň dowamynda ahalteke bedewleri we bagşy-sazandalar türkmen toýlarynyň
baş bezegi bolupdyr. Bu ýörelgeleriň häzirki bagtyýar döwrüň ruhuna kybap
derejede ösdürilmegi halkymyzyň ýagşy dessurlarynyň dowamata atarylýandygyny
görkezýär.
Gahryman
Arkadagymyz sungat ussatlary bilen söhbetdeş bolup, olara milli sungatymyza,
halkymyzyň döreden gymmatlyklaryna, bedewlerimize, alabaýlarymyza,
halylarymyza, belent daglarymyza, gözel tebigatymyza buýsanyp, olary öz
eserlerinde wasp etmek barada maslahatlaryny berdi. Häzirki döwürde milli
medeniýetimizi has-da baýlaşdyrmak, täze sungat eserlerini döretmek ugrunda
ähli zerur şertleriň döredilýändigini belläp, Milli Liderimiz ýurdumyzyň sungat
ussatlaryna hemmetaraplaýyn goldaw-hemaýat bermäge hemişe taýýardygyny aýtdy.
Gahryman
Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen türkmen halkynyň milli
aýdym-saz sungatynyň has-da ösdürilmegi, onuň dünýä çykmagy, bu ugurda halkara
gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi babatda giň mümkinçilikleriň döredilýändigini
nygtady. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýdym-sazly çykyşlar
bilen at üstünde sazlaşykly hereket eden oglanlara çuňňur hormatyň nyşany
hökmünde “Türkmenistan” ýazgyly, bedewleriň şekili ýerleşdirilen, sünnälenip
taýýarlanan boýun lybasyny (şarf) gowşurdy.
Mälim
bolşy ýaly, 2017-nji ýylda ýurdumyzda uly üstünlikli geçirilen hem-de
Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki sport abraýyny belende göteren Ýapyk
binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň baş nyşany Wepaly atly
alabaý bolupdy. Oýunlaryň bezeginde ahalteke bedewleriniň keşbine mynasyp orun
berlipdi. Hormatly Arkadagymyz paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän
Olimpiýa stadionynda ägirt uly ahalteke bedewiniň şekiliniň ýerleşdirilmeginiň
türkmen halkynyň atlara bolan ählihalk söýgüsini alamatlandyrýandygyna ünsi
çekdi. Hut şol nyşanlaryň türkmen türgenlerini Aşgabat Aziadasynda üstünlikli
çykyş etmäge ruhlandyrandygy şübhesizdir. Ýaryşlarda ýurdumyzyň türgenleriniň
köp sanly medallara mynasyp bolmagy munuň aýdyň beýanydyr.
Sungat
ussatlary, öz gezeginde, milli medeniýetimizi ösdürmek babatda döredilýän
şertler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur
hoşallyklaryny beýan edip, şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, türkmen
sungatyny dünýä çykarmak, täze eserleri döredip, toý-baýramlaryň şatlygyny
artdyrmak ugrunda mundan beýläk-de ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Milli
Liderimiz ýurdumyzda şanly seneleriň hormatyna guralýan medeni-köpçülikleýin
çäreleriň dabarasyny belende götermekde, halkymyzyň ruhy dünýäsini
baýlaşdyrmakda medeniýet we sungat işgärlerine möhüm ornuň degişlidigini
belläp, olara mundan beýläk-de döredijilik üstünliklerini arzuw etdi.
Soňra
Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäginde ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki
möwsümine badalga bermek üçin niýetlenen ýere geldi. Taryhy ähmiýetli waka
gatnaşýan oglanjyk ajaýyp goşgy setirleriniň üsti bilen türkmen halkynyň Milli
Liderinden ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga bermegini haýyş etdi. Şeýle
hem ol hormatly Arkadagymyzdan özi bilen ýadygärlik surata düşmegini haýyş
etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy oglanjygyň haýyşyny kanagatlandyryp,
onuň bilen ýadygärlik surata düşdi.
Soňra
Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň çäginde nobatdaky möwsümiň ilkinji bag
nahalyny ekip, ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi.
Çärä
gatnaşyjylar hem Gahryman Arkadagymyzyň göreldesinden ruhlanyp, uly höwes bilen
bag nahallaryny ekmäge girişdiler. Bu bolsa ýurdumyzyň ýaşlarynyň we ýaşuly
nesilleriniň ählihalk çäresine işjeň gatnaşýandygynyň, halkymyzyň sogap işlere
aýratyn ähmiýet berýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Gahryman
Arkadagymyz ählihalk bag ekmek dabarasynyň dowam edýän pursatlarynda Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti O.Atabaýewa bilen gürrüňdeş bolup,
ýurdumyzda kömege mätäç çagalara mundan beýläk-de yzygiderli goldaw bermek
babatda maslahatlaryny berdi. Milli Liderimiz döwletli işe dahylly bolýan,
saglygyny dikeldip, bu gün bagtyýar durmuşyň hözirini görýän çagalara
buýsanýandygyny aýtdy.
Hormatly
Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan
işleriň depginini ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns berip, şunda gurluşyk
işleriniň ýokary hil derejesinde alnyp barylmagynyň möhüm wezipe hökmünde
kesgitlenendigini belledi. Arkadag şäherinde ekologik ýagdaýyň ýokary derejede
saklanmagy, ekilen baglara talabalaýyk idegiň ýola goýulmagy ugrunda zerur
tagallalaryň edilmelidigini aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu babatda
degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi.
Köpetdagyň
eteginde ýerleşen täze şäheriň çäklerinde bar bolan seýilgäh zolaklary ýakymly
howa gurşawyny emele getirýär. Munuň özi ynsan ruhuna oňyn täsir edip, bagtyýar
ýaşaýjylary täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Ählihalk bag ekmek
dabaralarynyň yzygiderli geçirilmegi Watanymyzyň çar künjeginiň bagy-bossanlyga
öwrülmegini şertlendirýär. Bu işler Arkadag şäherinde hem talabalaýyk alnyp
barylýar. Arkadag şäheriniň ekologiýa ugurly halkara güwänamalara mynasyp
bolmagy täze şäherde alnyp barylýan işleriň dünýä giňişliginde ykrar
edilýändigini görkezýär.
Asylly
däbe öwrülen bag ekmek boýunça köpçülikleýin çäreler täze seýilgähleriň, tokaý
zolaklarynyň döredilmegine, türkmen topragynyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna,
amatly howa gurşawynyň emele gelmegine ýardam berýär. Munuň özi ekologik
abadançylygyň, ilatyň sagdynlygyny üpjün etmegiň möhüm şertidir.
Gahryman
Arkadagymyz ýakymly güýz gününde ählihalk bag ekmek dabarasyny talabalaýyk alyp
barmakda we bu ugurda ýaýbaňlandyrylan ähli işlerde hemmelere üstünlikleri
arzuw edip, bu ýerden ugrady.
tdh.gov