PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

Täzelikler

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Arçman» şypahanasynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

04.09.2023
Card image cap

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde dynç alýanlar we saglygyny berkidýänler üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Ilki bilen, lukman Arkadagymyz «Arçman» şypahanasynyň şypaly suwly çeşmesiniň gözbaşyna bardy. Häzirki döwürde Türkmenistanyň çäklerinde bar bolan mineral suwlaryň, bejeriş häsiýetli palçyklaryň aýratynlyklary, şypahana bejerişiniň dürli ugurlary, aýratyn-da, bu şypahananyň bejeriş ugurlary ylmy esasda öwrenilip, olaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Soňra Milli Liderimiz «Arçman» şypahanasynyň degişli binalarynyň durkuny täzelemek we bu ýerde häzirki zaman bejeriş ulgamyna degişli binany gurmak boýunça işlenip taýýarlanylan şekil taslamalary hem-de desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, saglygy goraýyş ulgamyna hem-de ugurdaş pudaklara degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde «Arçman» şypahanasynyň bejeriş bölüminde fizioterapiýa, owkalama, iňňe bilen bejeriş, ozokerit, parafin, içege we kentlewük nemlendirmek ýaly ugurlar, şeýle hem bedenterbiýe otaglary hereket edýär. Şeýlelikde, bu ugurlar melhemlik suwuň bejerişi bilen utgaşdyrylyp, adamlaryň saglygyny berkitmekde örän ähmiýetli hasaplanylýar.

Şeýle hem bu ýerde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Arçman» şypahanasynyň täze binasynyň gurluşygyna we degişli desgalaryň durkuny täzelemek işlerine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändigini, şunuň bilen baglylykda, birnäçe taslamalaryň taýýarlanylýandygyny aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, hemmelere alyp barýan işlerinde we öňde goýlan wezipeleri degişli derejede ýerine ýetirmeklerinde üstünlikleri arzuw etdi.

www.tdh.gov.tm


Bulary hem okaň