Düýn
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna
bardy hem-de goňşy ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirdi. Gahryman
Arkadagymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we
ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi.
Milli Liderimiz Eýran Yslam Respublikasynyň
paýtagtymyzdaky ilçihanasyna gelip, bu ýerde goňşy ýurduň Türkmenistandaky
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen gürrüňdeş
boldy.
Hajy Arkadagymyz doganlyk Eýranda agyr
betbagtçylygyň bolandygyny aýtdy. Şehit bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna
hormatly Prezidentimiziň adyndan hem-de hut öz adyndan, türkmen halkynyň
adyndan gynanç sözlerini beýan etdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz
türkmen-eýran dost-doganlygynyň mizemez nyşany hökmünde Hatyra kitabynda ýazgy
galdyrdy.
Hajy Arkadagymyz Eýran Yslam
Respublikasynda bolup geçen dikuçar heläkçiligi baradaky habaryň çuňňur gynanç
duýgusy bilen kabul edilendigini aýdyp, bu pajygaly heläkçilikde goňşy ýurduň
Baştutany Seýed Ebrahim Raisiniň aradan çykandygyny belledi. “Seýed Ebrahim
Raisi görnükli syýasatçy we parasatly döwlet işgäri bolmak bilen, öz halkynyň
abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda örän köp işleri bitirdi. Ol
türkmen-eýran gatnaşyklaryny has-da berkitmäge ägirt uly şahsy goşandyny goşdy.
Onuň biwagt aradan çykmagy bilen, siziň ýurduňyz Watanyna hyzmat eden wepaly
ogluny, Türkmenistan bolsa hakyky dostuny ýitirdi” diýip bellemek bilen,
hormatly Arkadagymyz şol dikuçarda Seýed Ebrahim Raisiniň ýanynda bolan ýokary
wezipeli wekiliýet agzalarynyň hem wepat bolmagynyň örän gynandyryjydygyny
aýtdy. Türkmenlerde «Kyýamat güni goňşudan» diýilýär. Şoňa görä-de, şeýle agyr
pursatda Türkmenistan iň ýakyn goňşy hökmünde doganlyk eýran halkynyň gynanjyny
paýlaşýar.
“Men ýene-de bir gezek Eýranyň ähli halkyna
we wepat bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan, öz
adymdan hem-de bütin halkymyzyň adyndan gynanç bildirýärin. Merhumlara iman
baýlygyny dileýäris. Olaryň ýatan
ýerleri ýagty, jaýlary jennet bolsun!” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Soňra
Türkmenistanyň müftüsi öten-geçenleri ýatlap, aýat-doga okady.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani wagt tapyp
ilçihana gelendigi hem-de eýran halky üçin şu agyr pursatda medet beriji,
ruhlandyryjy sözlerini aýdandygy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa eýran
halkynyň we Hökümetiniň adyndan, hut öz adyndan tüýs ýürekden hoşallyk
bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz ýene bir gezek kyn
pursatda eýran halkyna ruhy durnuklylyk arzuw etdi we bu ýerden ugrady.
tdh.gov