Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly
Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky
«Arçman» şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky
täzelenilýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini
kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdy.
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başyny
başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkymyzyň saglygy
baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Ýurdumyzyň şypahana ulgamynyň düzümleriniň işini döwrebap derejede
kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, hyzmatlaryň hilini
gowulandyrmak meseleleri döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýar.
Ir bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Arçman” şypahanasyna geldi. Bu ýerde türkmen
halkynyň Milli Lideri mähirli garşylanyldy.
Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna şypahananyň
çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary we ozal bar
bolan desgalaryň durkuny täzelemegiň ugurlary, degişli düzümleriň ýerleşýän
ýerleriniň çyzgylary görkezildi hem-de ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamalary
barada hasabat berildi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň
tabşyrygyna laýyklykda, “Arçman” şypahanasynda täze bejeriş binasyny gurmak
boýunça degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen
guramaçylyk işleri geçirildi. Şeýlelikde, şypahananyň melhem suwly çeşmesiniň
suw gorlary ylmy esasda öwrenildi, ony rejeli peýdalanmak babatda maslahatlar
berildi. Täze bina gurlandan soňra, bu ýerde bejergi alýan adamlaryň sanyny
has-da artdyrmak üçin mümkinçilik dörär. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda
täze gurulmaly 400 orunlyk binanyň, durky täzelenilmegi meýilleşdirilýän
desgalaryň, şypaly suw bilen bejeriş binasynyň, daşky eltiji ulgamlaryň, şypaly
suw içilýän binanyň, 300 orunlyk mejlisler otagynyň, 400 we 250 orunlyk
naharhanalaryň, dermanlyk otlardan taýýarlanan dürli içgileri hödürleýän
çaýhananyň, diş lukmanynyň otagynyň, anyklaýyş we fizioterapiýa, rentgen
otaglarynyň taslamalary, ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän enjamlaryň görnüşleri,
desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bar. Mundan başga-da, “Arçman”
şypahanasynyň çäginde guruljak täze binanyň, durky täzeleniljek bejeriş
otaglarynyň ýerleşdirilişi, ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagynyň ugurlary,
binalaryň bezeg aýratynlyklary, esasan-da, täze toplumyň merkezi girelgesi we
onuň dolandyryş ulgamynyň enjamlaşdyrylyşy barada hasabat berildi.
Lukman Arkadagymyz taslamalar we çyzgylar
bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri
girizdi. Täze binalary gurmak, desgalaryň durkuny täzelemek işlerinde milli
binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagy
wajypdyr. Ýerli tebigatyň özboluşly aýratynlyklaryna, bu çägiň ekologik
ýagdaýyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Binalaryň taslamalary taýýarlananda hut
şu talaplardan ugur alynmalydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri öňde duran
wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi, meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň
bellenilen möhletlerde we ýokary hilli alnyp barylmagynyň häzirki döwrüň wajyp
wezipesidigini belläp, bu işleriň depginini yzygiderli gözegçilikde saklamak
babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Beýleki ugurlarda bolşy
ýaly, saglygy goraýyş ulgamyna degişli binalaryň taslamalary taýýarlananda-da,
ýerli tebigy aýratynlyklar, olaryň ähmiýeti göz öňünde tutulmalydyr. Şunda
şypahananyň çäkleriniň abadanlaşdyrylmagy, ýokary ekologik ýagdaýyň üpjün
edilmegi bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanmalydyr.
Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz bu ýerde
ulanyljak lukmançylyk enjamlarynyň döwrebap bolmalydygyny belledi.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk
işlerinde hiç hili ownuk zadyň ýokdugyny aýdyp, toplumyň binalarynyň
enjamlaşdyrylyşyna, olarda döredilýän mümkinçiliklere, binalaryň bezeg
aýratynlyklaryna, ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet
berilmegini, kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna örän
jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy. Şypahananyň çäginiň ähli desgalarynyň
gurluşygyna we bezeg işlerine bolşy ýaly, dynç almak üçin niýetlenen
künjekleriň abadanlaşdyrylyşyna, bag nahallarynyň oturdylmagyna-da zerur üns
berilmelidir. Şunda açyk meýdanda adamlaryň dynç almaklary üçin niýetlenen
seýilgäh zolaklarynda şertleriň döredilmegi möhüm wezipe bolup durýar. Şunuň
bilen baglylykda, ähli meýilleşdirilen işler ylmy esasda, bu künjegiň tebigy
aýratynlyklary nazara alnyp içgin öwrenilmelidir.
Ýurdumyzda ynsan saglygynyň döwlet syýasatynyň
ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, lukman Arkadagymyz jemgyýetiň we
döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramagyň wajyp
wezipedigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, şypahana düzüminiň işini
kämilleşdirmek meselelerine zerur üns berilmelidir. Döwletimiz öz raýatlarynyň
saglygy hakynda hemişe alada edýär. Şunda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berk
berjaý edilmegi saglygy berkitmegiň möhüm şerti bolup durýar. Iň esasysy bolsa,
adamyň saglygy nesilleriň geljegi, bagtyýar durmuşda ýaşamagydyr diýip, Milli
Liderimiz belledi.
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň sagdynlygyň
we ruhubelentligiň mekanyna öwrülendigini belläp, lukman Arkadagymyz ýurdumyzyň
dürli künjeklerinde ýerleşýän döwrebap şypahanalaryň ähli mümkinçilikleriniň
halkymyzyň sagdynlygynyň berkidilmegine hyzmat edýändigini aýratyn nygtady.
Munuň özi “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli
ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Şypahanalarda raýatlarymyz saglygyny
berkidýärler, döredilen mümkinçiliklerden we hyzmatlardan netijeli
peýdalanýarlar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala
aşyrylýan döwlet syýasatynyň durmuş ugurlydygyny aýdyňlygy bilen äşgär edýär.
Köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň saglygy
goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden lukman Arkadagymyz bu ýerleriň mineral
suwlarynyň ýokary bejerijilik häsiýetine eýedigi hem-de onuň adam bedenine oňyn
täsir edýändigi barada gürrüň berdi. Şeýle-de Milli Liderimiz şypahananyň
tebigy aýratynlyklary, umuman, bu künjegiň ýakymly howa gurşawynyň
özboluşlylygy hakynda aýdyp, onuň uly bejeriş güýjüniň bardygyny belledi we
şypahananyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak babatda degişli ýolbaşçylara
birnäçe görkezmeleri berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri “Arçman”
şypahanasyna saglygyny berkitmek üçin gelýän ildeşlerimiziň sanynyň yzygiderli
artýandygy nazara alnanda, täze bejeriş binasynyň gurulmagynyň ähmiýetine ünsi
çekdi we gurluşyk işlerini ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden
ugrady.
tdh.gov