05.11.2025
Şu
gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek
boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi. Şeýle hem
Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan
işler bilen tanyşdy.
Häzirki
döwürde Arkadag şäherindäki işler talabalaýyk dowam edýär. Şunda şäheriň ähli
düzümlerinde öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegini esasy ugur
edinýän işler amala aşyrylýar. Şol bir wagtyň özünde Gahryman Arkadagymyzyň
başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda
mynasyp dowam etdirilmegi netijesinde Türkmenistan halkara giňişlikde bagtyýar
çagalygyň mekany hökmünde eýeleýän derejesini pugtalandyrýar.
...Türkmen
halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň ştab-kwartirasyna geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz mähirli
garşylanyldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň hem-de wise-prezidenti R.Bazarowyň, hukukçy M.Hojamberdiýewanyň we beýlekileriň gatnaşmagynda gaznanyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri mejlisde gaznanyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine garaljakdygyny aýdyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm çäresi bolan hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly toýuna taýýarlyk görülýändigini, Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň ýokary derejede, giňden belleniljekdigini nygtady. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy ösdürmek ugrunda möhüm ähmiýetli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň eşretli we döwrebap durmuşyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işleriň netijesinde eziz Diýarymyzda bu gün uly üstünlikler gazanylýar. Bularyň ählisi Garaşsyz Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Gahryman Arkadagymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda Diýarymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirilen köp sanly çäreleriň guralandygyny belläp, ýokary derejede geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ähmiýetli resminamalaryň kabul edilendigine ünsi çekdi.
Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýurdumyzda çagalaryň we ýetginjekleriň
hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda nusgalyk işler alnyp barylýar. Şu ýyl
gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli halkara maslahat hem ýokary
derejede geçirildi. Gaznanyň halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürildi. Bularyň
ählisi biziň maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, ösüp
gelýän ýaş nesli terbiýelemek, bilim bermek bilen bagly işlerde halkara
hyzmatdaşlygy giň gerimde ilerledýändigimizi tassyklaýar. Munuň özi berkarar
döwletimizde her bir çaga mähirli garaýyş bilen howandarlyk edilýändiginiň
güwäsidir diýip, Milli Liderimiz nygtady. Mätäje ýardam we goldaw bermek
halkymyzyň häsiýetiniň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Gadymdan gelýän bu
asylly däplerimiz ene-atasyndan galan çagalary aýratyn üns-alada bilen gurşap
almaga halkymyzy borçly edýär. Şeýle ynsanperwer işler geçmiş taryhymyzdan,
ata-babalarymyzyň ajaýyp däplerinden ugur alýar.
Gahryman
Arkadagymyz gazna tarapyndan geçen döwürde alnyp barlan işler, onuň
Tertipnamasyna girizilen goşmaçalar, amala aşyrylan bejeriş işleri, bu düzümiň
halkara hyzmatdaşlygy, gaznanyň goşmaçalar girizilen Tertipnamasyny tassyklamak
we gaznanyň düzümine Esaslandyryjyny girizmek hakynda Kararlaryň taslamalary,
onuň serişdeleriniň sarp edilişi ýaly meseleleriň mejlisiň gün tertibiniň
esasynda durýandygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri mejlisiň gün
tertibini yglan edip, gazna tarapyndan geçen döwürde alnyp barlan işler, onuň
Tertipnamasyna girizilen goşmaçalar barada çykyş etmek üçin gaznanyň dolandyryş
işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti R.Bazarowa söz
berdi.
R.Bazarow
täze taryhy döwürde ýurdumyzda ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli
ýörelgeleriň rowaçlanýandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan
beýik işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli
durmuşa geçirilmegi netijesinde çagalaryň sagdyn, sazlaşykly ösmegi üçin oňaýly
şertleriň döredilýändigini aýtdy. Ol gaznanyň döredilen wagtyndan bäri alnyp
barylýan işleriň ýyl-ýyldan giň gerime eýe bolýandygyny, hasabat döwründe-de köp
sanly sahawatly işleriň amala aşyrylandygyny nygtady. Bu bolsa saglygyny
dikeltmäge mätäç çagalaryň doly derejeli sagdyn bolmaklary ugrunda döwlet
derejesinde edilýän aladanyň aýdyň netijesidir.
R.Bazarow gaznanyň işine häzirki zamanyň ösen tejribesini ornaşdyrmak, onuň hukuk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýändigine ünsi çekip, Milli Liderimiziň maslahatlaryndan ugur alyp, gaznanyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, onuň Tertipnamasyna täzeden seredilendigini hem-de goşmaçalar girizilip, taslamasynyň taýýarlanandygyny habar berdi. Hususan-da, Tertipnamanyň täze taýýarlanan görnüşinde gaznanyň düzümine Esaslandyryjyny girizmek meselesi hem-de Esaslandyryjynyň ygtyýarlyklary beýan edildi. “Gaznanyň esaslandyryjylary bilen bagly Tertipnama girizilen goşmaçalar haýyr-sahawat işini has-da özgertmekde, haýyr-sahawat taslamalaryny we maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde netijeli bolar” diýip, R.Bazarow sözüni jemledi.
Hormatly
Arkadagymyz gazna tarapyndan alnyp barylýan işleriň yzygiderli dowam
etdirilmelidigini, şunda halkara hyzmatdaşlyga möhüm üns berilmeginiň ähmiýetli
boljakdygyny aýdyp, bu babatda öz maslahatlaryny berdi. Soňra Milli Liderimiz
haýyr-sahawat düzümi tarapyndan degişli döwürde alnyp barlan bejeriş işleri, halkara
hyzmatdaşlygyň ilerledilişi barada çykyş etmek üçin gaznanyň bejeriş işleri
boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti O.Atabaýewa söz berdi.
O.Atabaýewa
gazna tarapyndan amala aşyrylan köp sanly haýyr-sahawat işleriniň, onuň
serişdeleriniň hasabyna ýüzlerçe operasiýalaryň, çagalara bejeriş-dikeldiş,
bejeriş-öňüni alyş hyzmatlarynyň ýerine ýetirilendigini we bu ugurdaky
çäreleriň yzygiderli dowam etdirilýändigini belledi. Şeýle hem gaznanyň
wise-prezidenti häzirki döwre çenli tutuş ýurdumyz boýunça 700-den gowrak çaga
operasiýalaryň geçirilendigini we olara ýatymlaýyn şertlerde bejergileriň amala
aşyrylandygyny aýtdy. Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda näsag çagalaryň
163-sinde operasiýalar geçirildi. Mundan başga-da, 900-e golaý çaga üçin dikeldiş-bejergi
işleri ýerine ýetirildi. Olar kämil hünärli çaga lukmanlarynyň ýörite
gözegçiliginde saklanýar. Mundan başga-da, gaznanyň howandarlygynda dürli
bäsleşikleriň geçirilendigi aýdyldy. Şunda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy” atly bäsleşikde mümkinçiligi çäkli
çagalaryň hem baýrakly orunlary eýeländiklerini, Arkadag şäherindäki çagalar
sagaldyş-dikeldiş merkeziniň düzümine girýän çagalar bakja-bagynda
terbiýelenýän körpeleriň arasynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna mynasyp bolanlaryň bardygyny bellemek gerek.
Hasabatyň
dowamynda şu ýylyň martynda gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli
Arkadag şäherinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna
halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahatyň geçirilendigi, oňa dünýäniň köp
sanly ýurtlaryndan we halkara guramalardan wekilleriň gatnaşandygy barada
aýdyldy. Maslahatyň netijeleri boýunça kabul edilen Jemleýji resminama BMG-niň
resmi dillerine terjime edilip, Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň gün
tertibiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy.
Gaznanyň
bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti O.Atabaýewa
abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigini, degişli
ugurlar boýunça özara ylalaşyklaryň gazanylýandygyny we ikitaraplaýyn
resminamalara gol çekilýändigini aýtdy. Dünýä ýurtlaryndan Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasy bilen hyzmatdaşlyk etmäge teklipler yzygiderli gelip
gowuşýar. Şeýle hem gaznanyň alyp barýan işi bilen baglanyşykly maglumatlaryň
internet saýtlarynda ýerleşdirilýändigine ünsi çekip, O.Atabaýewa bu düzümiň
işine döwlet tarapyndan ýakyndan ýardam berilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza
we hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan etdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gaznanyň ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän işini has-da kämilleşdirmek we onuň gerimini giňeltmek meselelerine ähmiýet bermelidigini belläp, bu babatda öz maslahatlaryny berdi. Mejlisde gaznanyň Tertipnamasyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, gaznanyň goşmaçalar girizilen Tertipnamasyny tassyklamak we gaznanyň düzümine Esaslandyryjyny girizmek hakynda Kararlaryň taslamalary barada çykyş etmek üçin gaznanyň hukukçysy M.Hojamberdiýewa söz berildi.
M.Hojamberdiýewa
häzirki döwürde Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýa, “Çaganyň hukuklarynyň
döwlet kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, “Türkmenistanda çagalaryň
hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň
milli meýilnamasyna” we beýleki hukuk namalaryna laýyklykda, çaganyň ýaşamaga,
ösmäge, saglygyny goramaga we bilim almaga bolan hukuklaryny durmuşa geçirmek,
olar üçin ýola goýulýan hyzmatlary, berilýän goldawy halkara ülňülere laýyk
getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle-de ol ozal
berlen tabşyryklara laýyklykda, gaznanyň işini düzgünleşdirýän kadany has-da
kämilleşdirmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga
mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Tertipnamasyna
täzeden seredilip, onuň taslamasynyň taýýarlanandygyny habar berdi. Onda
gaznanyň Prezidentiniň ygtyýarlyklarynyň wagtlaýyn ýerine ýetirilmegi, berk
dolandyryş binýadyny pugtalandyrmak bilen, oňa täze Esaslandyryjylaryň
girizilmeginiň tertibi hem-de olaryň ygtyýarlyklarynyň kesgitlenilmegi bilen
bagly kadalar goşuldy. M.Hojamberdiýewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
işini has-da kämilleşdirmek hakynda hem-de gaznanyň düzümine Esaslandyryjyny
girizmek hakynda Kararlaryň taslamalaryny Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna
hödürledi.
Milli
Liderimiz Tertipnamanyň taslamasyna laýyklykda, gaznanyň Esaslandyryjysynyň
gaznanyň Prezidentiniň ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmegi gaznanyň ýerine
ýetiriji direktorlarynyň — wise-prezidentleriniň biriniň üstüne ýükläp
bilýändigini aýdyp, gaznanyň düzümine täze esaslandyryjylary girizip
bilýändigini, şeýle-de Esaslandyryjynyň öz ygtyýarlyklaryny esaslandyryjylaryň
birine geçirmek hakynda karara gelip bilýändigini belledi. “Ýokarda beýan
edilenler gaznanyň Esaslandyryjysynyň Karary bilen resmileşdirilýär” diýlip
taslamada nygtalýar. Tertipnamanyň taslamasynda gaznany esaslandyran
Esaslandyryjynyň bitiren aýratyn işlerini göz öňünde tutup, onuň gaznanyň
Hormatly Esaslandyryjysy hökmünde müdiriýetiň mejlislerine gatnaşmaga,
haýyr-sahawat taslamalaryny we maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge hukugy
saklanýar diýlip bellenilendigini hem aýtmak gerek.
Mejlisiň
dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
işini has-da kämilleşdirmek hakynda, şeýle hem gaznanyň düzümine
Esaslandyryjyny girizmek hakynda Kararlara gol çekdi.
Soňra
Gahryman Arkadagymyz gaznanyň serişdeleriniň sarp edilişi barada hasabat bermek
üçin gaznanyň hasapçysy Ý.Çernowa söz berdi.
Ý.Çernowa
şu ýylyň başyndan bäri gaznanyň serişdeleriniň ulanylyşy we serişdeleriň anyk
hasabyny ýöretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna gelen ýüztutmalar
esasynda ýurdumyzyň kömege mätäç çagalaryna ynsanperwerlik goldawy berilýär.
Şol bir wagtyň özünde bu düzüm tarapyndan daşary ýurtlaryň heläkçilik zerarly
ejir çeken çagalaryna degişli kömekler ugradylýar.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy gaznanyň serişdeleriniň ulanylyşy baradaky anyk
maglumatlaryň bolmagynyň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigini belläp, bu
babatda ugurdaş düzümler bilen bilelikdäki işleriň ýola goýulmalydygyna ünsi
çekdi. Munuň özi onuň serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagynyň esasy şerti
bolup durýar.
Hormatly
Arkadagymyz hasabaty diňläp, berkarar döwletimizde ynsanperwer däplere
eýerilip, ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan
galan çagalar hem-de ýetginjekler hakynda aýratyn alada edilýändigini,
döwletimiziň bu çagalary üns merkezinde saklap, olaryň bilimli, Watana wepaly
bolup ýetişmegi, özlerini agzybir maşgalanyň — jemgyýetiň doly derejeli agzasy
hökmünde duýmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýändigini aýtdy. Gazna
tarapyndan howandarlyga mätäç çagalary durmuş taýdan goldamak, olaryň saglygyny
dikeltmäge ýardam bermek, bagtyýar ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek
boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Gaznanyň işine yzygiderli goldaw
bermekde, ýurdumyzda ynsanperwerlik, sahawatlylyk däplerini dowam etdirmek bilen,
haýyr-sahawat işini ösdürmekde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman
Serdarymyz ägirt uly tagallalary edýär. Täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň
gadymdan gelýän asylly däpleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer
syýasatynda aýdyň beýanyny tapýar. Biz hemaýata mätäç çagalaryň ykbalyna,
olaryň ýagty geljegini üpjün etmäge örän jogapkärli çemeleşýäris diýip, Milli
Liderimiz nygtady.
Gahryman
Arkadagymyz ýurdumyzda çagalaryň hiç biriniň hossarsyz däldigini, olaryň
arkasynda dag ýaly döwletiň durandygyny aýdyp, mundan beýläk-de çagalaryň
hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, jemgyýetimiziň durmuşyna doly derejede
gatnaşmagy üçin ähli oňaýly şertleriň dörediljekdigini, geljek nesillere hemişe
goldaw we hemaýat beriljekdigini tassyklady. Ösüp gelýän nesillerimiz baradaky
alada biziň beýik we ýagty geljegimiz baradaky aladadyr. Amala aşyrýan bu
işlerimiz watandaşlarymyzyň häzirki we geljek nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň
binýadyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu ugurda taryhy işleri durmuşa
geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alyp barýan parz, ynsanperwer, asylly
işlerinde mundan beýläk hem uly üstünlikleri arzuw edýärin diýip, türkmen
halkynyň Milli Lideri aýtdy.
Soňra
gaznanyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti
O.Atabaýewa ýaňy-ýakynda goňşy ýurt Owganystanda bolan heläkçilikli ýertitreme
baradaky habaryň ýurdumyzda çuňňur gynanç bilen kabul edilendigini, bu tebigy
betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna, weýrançylyklara getirendigini belläp,
türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik, rehimdarlyk hem-de
birek-birege kömek bermek ýaly däplerine eýerip, Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň adyndan bu ýurda we onuň doganlyk halkyna, hususan-da, çagalara
ynsanperwerlik kömegini ugratmaga rugsat bermegini Gahryman Arkadagymyzdan
haýyş etdi.
Türkmen
halky goňşusy bilen hemişe agzybir ýaşap, şatlygyny hem, gynanjyny hem onuň
bilen paýlaşypdyr. Halkymyz kyn pursatda goňşusyna ýardam bermek üçin oňa
hemişe dostluk goluny uzadypdyr. Bu bolsa türkmen halkynyň goňşusyna goýýan
sylag-hormatyndan, ynsanperwer däplerinden nyşandyr. Ata-babalarymyzyň «Kyýamat
güni goňşudan» diýen dana sözlerinden ugur alyp, goňşularymyza mätäç gününde
doganlyk kömegi berler. Şoňa görä, doganlyk owgan halkyna, ilkinji nobatda,
Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna gaznanyň
adyndan ynsanperwerlik kömegini ibermegiň wajypdygyny aýdyp, Milli Liderimiz bu
babatda gaznanyň wise-prezidenti O.Atabaýewa hem-de hasapçysy Ý.Çernowa degişli
tabşyryklary berdi.
Ynsanperwerlik
kömegi hökmünde mätäç çagalara gerek bolan däri-dermanlary, azyk we iýmit,
egin-eşik önümlerini, durmuşda zerur bolan beýleki önümleri ibermeli diýip,
Gahryman Arkadagymyz belledi we gaznanyň wise-prezidenti R.Bazarowa ähli
meseleler boýunça guramaçylyk işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. “Biz
mundan beýläk-de türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik ýaly mukaddes
däp-dessurlaryny dowam etdireris” diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady hem-de
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
müdiriýetiniň mejlisini jemledi. Milli
Liderimiz hemmelere berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw
etdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentleri bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda
gaznanyň işiniň häzirki ýagdaýy we onuň öňünde goýlan wezipeleri ýerine
ýetirmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gaznanyň wise-prezidentleri häzirki döwürde alnyp barylýan işler we ony mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat berdiler. Hususan-da, bu düzümiň halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler hakynda giňişleýin maglumatlar berildi.
Milli Liderimiz haýyr-sahawat
gaznasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygynyň
ynsanperwer ugurlaryny ösdürmek bilen bagly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde
saklanmalydygyny belledi. Aýratyn-da, halkymyzyň asylly däplerine eýerip, goňşy
ýurtlara doganlyk golunyň uzadylmalydygyna üns çekildi. Şeýle hem hormatly
Arkadagymyz Owganystanyň pajygaly ýertitreme zerarly ejir çeken ilatyna,
çagalaryna ynsanperwerlik kömegini ibermek meselelerini işjeňleşdirmegi
tabşyrdy. Munuň özi gaýragoýulmasyz kömek bolmak bilen, ejir çeken ilata
berilýän goldawyň aýdyň nyşanyna öwrülmelidir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri
hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden täze şäheriň
“Arkadag” seýilgähine tarap ugrady.
Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy
D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa ozal berlen tabşyryklara
laýyklykda, “Arkadag” seýilgähinde behişdi bedewleriň, söwda kerweniniň
heýkellerini ýerleşdirmek boýunça alnyp barlan işler barada Gahryman
Arkadagymyza hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, seýilgähiň çäklerinde
oturdyljak şekiller türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny, taryhy döwürlerini
alamatlandyrar. Şekilleriň seýilgähiň beýleki desgalary we suw çüwdürimleri
bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegine möhüm ähmiýet berildi. Bu ugurda
degişli düzümleriň wekilleri bilen bilelikde tagalla edilýär.
Milli Liderimiz bu ýerde görkezilýän
şekilleri synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri
girizdi. Seýilgähiň çäklerinde oturdyljak söwda kerweniniň şekilleri halkymyzyň
milli gymmatlyklaryna bolan ählihalk söýgüsini aňlatmalydyr. Gahryman
Arkadagymyz ady rowaýata öwrülen bedewleriň heýkelleriniň her birine degişli
ýazgylarda bedewleriň taryhyna, olaryň görkezen netijelerine bagyşlanan
maglumatlaryň ýerleşdirilmelidigini belledi. “Halkymyzyň dünýä nusgalyk
gymmatlyklary bolan ahalteke bedewleri, adamlaryň hemişelik hemrasy bolan
alabaýlar, türkmen halkynyň taryhynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ynsan gylykly
arwana düýeleri milli buýsanjymyzdyr. Şeýlelikde, bu babatda ýerine ýetirilen
işler häzirki zaman talaplaryna we milli ýörelgelerimize doly laýyk gelmelidir”
diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe
maslahatlaryny berdi.
Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna, olaryň bezeg
aýratynlyklaryna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.
Gahryman Arkadagymyz hemmelere
öňde durýan wezipeleri netijeli ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu
ýerden ugrady.
tdh.gov