Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Pekindäki Halk ýygnaklar öýünde geçirilýän «Bir guşak, bir ýol»
III ýokary derejeli maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşýar.
Bu
giň gerimli maslahata 140-dan gowrak ýurtdan hem-de 30 sany halkara
guramalaryndan wekiller, şol sanda döwlet baştutanlary we halkara guramalarynyň
ýolbaşçylary gatnaşýarlar.
Maslahatyň
çäginde maýa goýum, sanly ykdysadyýet we söwda gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça
hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.
Şeýle hem maýa goýum taslamalarynyň tanyşdyrylyşy we ykdysadyýetiň dürli
pudaklarynda täze şertnamalara gol çekilmegi göz öňünde tutulýar.
Şeýle
hem Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk ýygnaklar öýünde «Bir guşak, bir ýol» III
ýokary derejeli maslahatynyň çäklerinde geçiriljek Özara baglanyşyk boýunça
ýokary derejeli maslahatda çykyş etmegine garaşylýar.
2013-nji
ýylda Si Szinpin tarapyndan teklip edilen «Bir guşak, bir ýol» konsepsiýasy
dünýä bileleşiginiň oňyn seslenmesine mynasyp boldy. Bu başlangyjyň maksady has
köp sanly ýurtlaryň gatnaşmagynda hem-de gyzyklanma bildirýän döwletleriň
serişdelerini peýdalanmak bilen, halkara söwda-maýa goýum taslamalaryny
işjeňleşdirmekden ybaratdyr. Bu başlangyja eýýäm 150-den gowrak ýurt we 30-dan
gowrak halkara guramalary goşuldy.
tdh.gov