2024-nji ýylyň 22-23-nji noýabry aralygynda
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen
wekiliýeti Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrýar.
Saparyň
çäklerinde Ýaponiýanyň hökümetinde, Parlamentinde, degişli ministrliklerinde we
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle-de maliýe we eksport-karz beriş
agentlikleriniň, öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen
duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Geçiriljek
duşuşyklarda döwletara gatnaşyklary berkitmek, parlament ugry boýunça
hyzmatdaşlygy giňeltmek, syýasy-diplomatik işjeňligi artdyrmak, söwda-ykdysady
gatnaşyklary ösdürmek, şeýle-de ylym-bilim hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak bilen
bagly meseleleriň giň toplumyna serediler.
mfa.gov