Türkmenistanyň Daşary işler
ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň
10-12-nji marty aralygynda Awstriýada iş sapary bilen bolýar.
Saparyň çäklerinde Awstriýanyň hökümetinde,
degişli ministrliklerinde we pudak edaralarynda, halkara guramalaryň
ýolbaşçylary, söwda-ykdysady gurluşlary we işewür toparlary bilen duşuşyklary
geçirmek meýilleşdirilýär.
Meýilleşdirilýän duşuşyklaryň gün tertibinde
döwletara gepleşikleri güýçlendirmek, syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan
beýläk-de ösdürmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmak, şeýle hem ylmy we
bilim pudagynda gatnaşyklary giňeltmek bilen baglanyşykly meselelere üns
beriler.
mfa.gov