Şu
gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady.
Paýtagtymyzyň
Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar, şeýle hem BAE-niň
Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili ugratdy.
Diplomat
bilen bolan söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň dostluk, ynanyşmak we özara
düşünişmek däplerinde ösdürilýän netijeli döwletara gatnaşyklary mundan
beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändigi
nygtaldy. Yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklar ýurtlaryň her biriniň
durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna we milli bähbitlerine doly
laýyk gelýän hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga çalşylýandygyna
şaýatlyk edýär.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň geçen ýylyň
fewral aýynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran resmi sapary
ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, abraýly sebit we
halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli guralýan döwletara gatnaşyklaryň
taryhynda möhüm waka boldy. Şol saparyň barşynda möhüm ylalaşyklar gazanyldy.
BAE-niň
Türkmenistandaky wekili Gahryman Arkadagymyza şu saparyň çäklerinde
meýilleşdirilen duşuşyklaryň netijeli geçirilmeginde üstünlikleri arzuw edip,
onuň türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine täze, kuwwatly itergi
berjekdigine, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk
gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Soňra
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçary Abu-Dabi şäherine tarap ugrady.
...Iki
ýarym sagatdan soňra, Gahryman Arkadagymyzyň uçary Birleşen Arap Emirlikleriniň
paýtagtynyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menziline
gondy. Belent mertebeli myhmanyň gelmeginiň hormatyna haly düşelen ýodajygyň
ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Howa menzilinde türkmen
halkynyň Milli Liderini BAE-niň energetika ministri Suhail Al Mazrui we beýleki
resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Gysga
wagtlyk söhbetdeşligiň barşynda dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň biri
hökmünde Birleşen Arap Emirlikleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň
hemmetaraplaýyn giňeldilmegine ýurdumyz tarapyndan aýratyn ähmiýet berilýändigi
nygtaldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dürli derejede yzygiderli
geçirilýän gepleşikleriň köp babatda ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmäge ýardam
edýändigini belläp, şu saparyň çäklerinde meýilleşdirilen duşuşyklaryň hem
üstünlikli boljakdygyna ynam bildirdi. Bu duşuşyklar däp bolan hyzmatdaşlygy
täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga goşant goşar.
Soňra
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň
Prezidentiniň Türkmenistan bilen işler boýunça wekili Mohamed Said Mohamed
Al-Ariki bilen duşuşdy.
Mohamed
Said Mohamed Al-Ariki Gahryman Arkadagymyza wagt tapyp duşuşandygy üçin
hoşallyk bildirip, BAE-niň tutuş dünýäde belent abraýa eýe bolan Türkmenistan
bilen ysnyşykly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma
bildirýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň
gerimli özgertmeler, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi
diwersifikasiýalaşdyrmak babatda durmuşa geçirilýän işler Türkmenistanyň durmuş-ykdysady
taýdan durnukly we ýokary depginde ösmegini üpjün etdi. Türkmen tarapy
gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi — daşary ýurt döwletleri hem-de oňyn
iş tejribesine we innowasion işläp taýýarlamalara eýe bolan aýry-aýry
kompaniýalar bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdyr diýip, Gahryman
Arkadagymyz nygtady.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri ygtybarly, berk kanunçylyk binýadynyň we amatly maýa
goýum ýagdaýynyň daşary ýurtly işewürleriň geljegi uly türkmen bazarynda
üstünlikli işlemekleri üçin ähli şertleri döredýändigini belläp, Birleşen Arap
Emirliklerine şu gezekki saparyň barşynda geljegi uly ugurlaryň ençemesi
boýunça özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin
oňaýly şertleriň dörediljekdigine ynam bildirdi. Söwda-ykdysady, bank-maliýe,
ýangyç-energetika ulgamlary türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan
ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Mälim
bolşy ýaly, Türkmenistan tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen,
mawy ýangyjyň uly ýataklaryny özleşdirmek we öz energiýa serişdelerini halkara
bazarlara ibermegiň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň
gerimli işleri alyp barýar. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan «ýaşyl»
energetikany ösdürmäge aýratyn üns bermek bilen, energiýanyň gaýtadan
dikeldilýän çeşmelerini giňden ulanmak babatda taslamalary ilerletmäge
gönükdirilen yzygiderli çäreleri amala aşyrýar. Ulag-kommunikasiýa ulgamy
hyzmatdaşlygyň beýleki bir geljegi uly ugry hasaplanýar. Türkmenistan bu ulgamy
milli bähbitlerini hem-de çäk taýdan amatly ýerleşmegini nazara almak bilen,
okgunly ösdürýär.
Mohamed
Said Mohamed Al-Ariki duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin ýene-de bir gezek
hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderine şu saparyň çäklerinde
geçiriljek, türkmen-emirlikler ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we
mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjek duşuşyklaryň netijeli bolmagyny arzuw
etdi.
Soňra
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de beýleki ýolbaşçylaryň
gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip,
ýurdumyzyň BAE bilen ozaldan bäri ysnyşykly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk
edýändigini belledi hem-de bu ugurdaky işleri mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň
zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi.
Maslahatyň
dowamynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, Gündogar — Günbatar we
Demirgazyk — Günorta ugurlarynyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň üstaşyr
ulag kuwwatyndan netijeli peýdalanmak meselelerine garaldy. Beýik Ýüpek ýolunyň
ugrunda ýerleşýän ýurdumyz ulag ulgamynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, howa
ýollaryny hem yzygiderli ösdürýär. Aşgabat — Dubaý — Aşgabat ugry boýunça
gatnawlar ýola goýuldy. Ertir bolsa Abu-Dabä ilkinji ýolagçy uçarynyň uçuşy
amala aşyrylar. Munuň özi döwletara gatnaşyklaryň täze derejä çykarylýandygyna
şaýatlyk edýär.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň möhüm başlangyçlarynyň
esasynda Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen maýa goýum hyzmatdaşlygy barha baý
many-mazmuna eýe bolýar. Dünýäniň dürli banklary bilen netijeli gatnaşyklar
ýola goýuldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky
özgertmeleri üstünlikli amala aşyryp, BAE-niň iri banklary bilen işjeň
hyzmatdaşlyk edýär.
Gahryman
Arkadagymyz Birleşen Arap Emirlikleri bilen köpugurly ikitaraplaýyn
gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmagyň wajypdygyny nygtap, bu ugurda durmuşa
geçirilýän çäreleri hemişe gözegçilikde saklamak babatda anyk tabşyryklary
berdi.
Günüň
ikinji ýarymynda BAE-niň Prezidentiniň «Al Şati» köşgünde türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin
Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy.
BAE-niň
Prezidenti belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, ähli ugurlar boýunça
uly mümkinçiliklere eýe bolan köpýyllyk döwletara gatnaşyklaryň netijeli
häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi we pursatdan peýdalanyp, Gahryman
Arkadagymyza däp bolan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge berýän aýratyn
ünsi hem-de goldawy üçin hoşallyk bildirdi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri dostlukly ýurduň Baştutanyna mähirli kabul edendigi we
myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň mähirli salamyny hem-de hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Döwlet
Baştutanymyzyň geçen ýylyň dekabrynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran
iş saparyny aýratyn mähirli duýgular bilen ýatlaýandygy bellenildi.
Hormatly
Arkadagymyz bu gezekki saparyň biziň halklarymyzyň arasyndaky ýakyn, ynanyşykly
we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine
ynam bildirip, Prezident Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýany ýaňy-ýakynda
Dubaý şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky
Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň (COP28)
üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.
Birleşen
Arap Emirlikleri biziň dostumyzdyr, ygtybarly ykdysady we söwda
hyzmatdaşymyzdyr, häzirki döwrüň köp sanly örän möhüm soraglaryny çözmekde
pikirdeşimizdir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow
nygtady.
Prezident
Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda
ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli
häsiýete eýedigini nygtap, ýurdumyzyň öňe sürýän, durnukly hem-de ählumumy
ösüşe gönükdirilen ähli başlangyçlaryny goldaýandygyny aýtdy.
Ynanyşmak,
dostluk ýagdaýynda geçen duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler taraplaryň iki döwletiň
we olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine däp bolan gatnaşyklary ösdürmäge
mundan beýläk-de uly üns bermäge meýillidigini tassykladylar. Umumy pikire
görä, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk
boýunça bilelikdäki komitet hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary depginli ösdürmekde
möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen birlikde, türkmen-emirlikler ykdysady
hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary hem kesgitlenilýär.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Birleşen Arap
Emirlikleriniň maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň üstünlikli
ösdürilýändigini belledi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan
ulgamlarynyň hatarynda energetika, ulag-kommunikasiýa, senagat we agrosenagat
toplumy, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlar bar.
Gahryman
Arkadagymyz geljegi uly ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmek babatda täze,
anyk başlangyçlary beýan edip, tiz wagtda iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin,
olaryň emirlikler tarapyndan doly goldawa mynasyp boljakdygyna ynam bildirdi.
Ylym, medeniýet, sport ugurlary boýunça döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň
wajypdygyna aýratyn üns berildi. Şunlukda, ozal gazanylan ylalaşyklar seljerilip,
degişli karara gelindi.
Duşuşygyň
ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Prezident Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýany
özi üçin amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow we BAE-niň Prezidenti mähirli
hoşlaşyp, ýola goýlan netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de
üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler we iki ýurduň halklaryna
bagtyýarlyk, parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdiler.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary dowam edýär.
tdh.gov