Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Türkiýe
Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy
resmi adamlar ugratdylar.
Howa
menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe
Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili bilen bolan
söhbetdeşliginde ozaldan gelýän ikitaraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklarynyň
deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygy
bellenildi. Ýokary Hökümet derejesinde yzygiderli guralýan özara saparlar
döwletara hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça pugtalandyrmaga we anyk netijeleri
gazanmaga ýardam berýär. Ankarada ýokary derejede geçiriljek ikitaraplaýyn
duşuşyk hem iki doganlyk halkyň netijeli özara gatnaşyklarynyň ýyl ýazgysyna
täze sahypany ýazar, toplumlaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşant goşar.
Diplomat
döwlet Baştutanymyzyň saparynyň üstünlikli bolmagyny arzuw etdi we geçiriljek
gepleşikleriň türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň taryhynda möhüm waka boljakdygyna
ynam bildirdi.
Mälim
bolşy ýaly, döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň sebitde we dünýäde durnuklylygyň, ösüşiň üpjün edilmegine
ýardam berýän daşary syýasatynyň esasy ugrudyr. Ýüzýyllyklara uzaýan
türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň häzirki döwürde hil taýdan täze many-mazmun bilen
baýlaşdyrylýandygy hem munuň aýdyň güwäsidir. Özara düşünişmek, ynanyşmak we
pugta dost-doganlyk iki halkyň ýeten belent sepgitleri bolmak bilen,
ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň,
abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köpugurly
hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly giňişligi emele getirýär.
Daşary
syýasatda, halkara giňişlikde parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň
üpjün edilmegi ulgamynda, häzirki zaman wehimlerine garşy göreşmekde, Durnukly
ösüş maksatlaryna ýetmekde ýurtlarymyz işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Munuň
şeýledigine olaryň Birleşen Milletler Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk
Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde däp bolan köpýyllyk
gatnaşyklary ösdürmäge, onuň mazmunyny baýlaşdyrmaga gönükdirilen
başlangyçlarda hem-de tagallalarda birek-biregi goldamaklary-da şaýatlyk edýär.
Türkmenistan
bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda aýratyn häsiýete eýe bolan özara
gatnaşyklaryň ulgamy kemala geldi. Türkiýe Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny
ilkinjileriň hatarynda ykrar eden, häzirki döwürde dünýä jemgyýetçiligi
tarapyndan sebit parahatçylygyny we durnuklylygyny üpjün etmegiň netijeli
guraly hasaplanýan Bitaraplyk derejesini iki gezek goldan ýurtdur.
Şu
gezekki sapara görlen taýýarlyk işleriniň 20-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly
geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň gün tertibiniň esasy meseleleriniň
biri bolandygyny bellemek gerek. Onda Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzyň iň
ýakyn hyzmatdaşlarynyň biridigi kanagatlanma bilen nygtaldy. Soňky ýyllarda gol
çekilen döwletara, hökümetara hem-de pudagara resminamalar toplumy
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ygtybarly hukuk binýadyny emele getirdi.
Türkmen-türk
dialogynyň netijeli guraly köp babatda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň
gatnaşyklary ösdürmäge berýän aýratyn ünsi bilen şertlendirilip, özara
saparlaryň işjeň häsiýete eýe bolmagy Türkmenistanyň we Türkiýäniň köpugurly
hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmaga, söwda-ykdysady, ynsanperwer
hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen tagallalarynyň özboluşly görkezijisi
bolup çykyş edýär. Häzirki döwürde Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy durmuş-ykdysady
ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna, iki ýurduň milli bähbitlerine doly laýyk
gelýän hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga çalyşýarlar. Üstünlikli
amala aşyrylan hem-de durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän giň gerimli
bilelikdäki taslamalar munuň aýdyň mysalydyr.
Soňky
30 ýylyň dowamynda doganlyk Türkiýäniň işewür toparlary daşary ýurtly
hyzmatdaşlar we maýadarlar üçin özüne çekijiligi bilen tapawutlanýan türkmen
bazarynda özlerini ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdiler. Hormatly
Prezidentimiz tarapyndan öňe sürülýän, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmäge gönükdirilen iri maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýan
daşary ýurt kompaniýalarynyň esasy bölegini Türkiýäniň işewürlik düzümleri
düzýär.
Ikitaraplaýyn
gatnaşyklaryň ösdürilmeginde bilelikdäki hökümetara topara aýratyn orun
degişlidir. Toparyň işi hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly kuwwatyny doly
derejede durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Iki ýurduň ministrlikleriniň,
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, telekeçilik düzümleriniň wekilleriniň
işewürlik maslahatlaryna, pudaklaýyn sergilere gatnaşmagy netijeli işewürlik
gatnaşyklaryny ösdürmäge hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam berýär.
Şu
gezekki saparyň çäklerinde 26-njy oktýabrda guraljak Türkmen-türk işewürlik
maslahaty özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge
gönükdirilendir. Forumyň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow gatnaşar.
Umuman,
döwlet Baştutanymyzyň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary we öňde boljak ýokary
derejedäki duşuşyk däp bolan gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky ädim
bolmak bilen, iki ýurduň döwlet ösüşiniň ilkinji nobatdaky wezipelerini hasaba
almak arkaly özara gyzyklanmalaryň çägini giňeltmek, has netijeli we döwrüň
talap edýän görnüşlerini, gurallaryny gözlemek hem-de durmuşa geçirmek esasynda
onuň üstüni ýetirmek işinde-de wajyp ähmiýete eýedir.
...Birnäçe
sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Türkiýe Respublikasynyň
paýtagtynyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen «Esenboga» Halkara howa
menziline gondy.
Howa
menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkiýäniň energetika
we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar, beýleki resmi adamlar,
dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň köp sanly wekilleri garşyladylar.
Asylly
myhmansöýerlik däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy.
Belent mertebeli myhmanyň hormatyna uçaryň ýanynda düşelen haly ýodajygynyň
ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi.
Howa
menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýäniň energetika
we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar bilen bolan söhbetdeşliginiň
dowamynda giň gerimli ugurlar boýunça ösdürilýän türkmen-türk gatnaşyklarynyň
ýokary derejesi kanagatlanma bilen nygtaldy.
Döwlet
Baştutanymyz howa menzilinden resmi sapary mahalynda özi üçin niýetlenen döwlet
kabulhanasyna ugrady.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary dowam
edýär.
tdh.gov