PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

Täzelikler

Katarda geçiriljek «EKSPO-2023» sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony gurlar

07.09.2023
Card image cap

Türkmenistanyň köpugurly halkara gatnaşyklaryny has-da ösdürmek, daşky gurşawy goramak babatda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli işleri dünýä ýaýmak hem-de «Daşky gurşawyň hatyrasyna ýaşyl tebigat» diýen şygar bilen Katar Döwletiniň Doha şäherinde geçiriljek «EKSPO-2023» halkara sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna Katar Döwletiniň Doha şäherinde 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabry –2024-nji ýylyň 28-nji marty aralygynda geçiriljek «EKSPO-2023» halkara sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek we ony ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirmek barada «Söwda öýi» kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

 

www.turkmenistaninfo.gov.tm


Bulary hem okaň