Düýn türkmen halkynyň Milli
Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tabşyrygy boýunça
paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň
hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat
bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisi
geçirildi.
Mälim bolşy
ýaly, şu ýylyň 27-nji ýanwarynda Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Diwanynyň iş dolandyryjysy K.Babaýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Mejlisiň dowamynda hajy Arkadagymyz häzirki wagtda ägirt uly durmuş tejribesi
bolan ýaşulularyň halkymyzyň, hususan-da, ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat
işlerini yzygiderli geçirýändiklerini belledi. Şunuň bilen birlikde, ýaşlaryň
hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen asylly işleri,
döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan
taryhy ähmiýetli işleriň many-mazmunyny, ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan
ugurlaryny wagyz-nesihat etmekde Ýaşulular geňeşiniň alyp barýan asylly
işleriniň wajypdygy aýdyldy.
Geçmişi, şu
güni we geljegi baglanyşdyrýan, her bir şahsyýeti adamkärçilige, päk
ahlaklylyga ugrukdyrýan, maşgala agzybirligini pugtalandyrýan, manyly ömür
menzilleri, öwüt-ündewleri bilen belent maksatlara, täze üstünliklere ruhlandyrýan
ýaşulularyň mertebesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
has-da belende göterilýär. Ýaşululara hormat goýmak, olaryň hormatyny belende
götermek pederlerimizden miras galan asylly däpleriň biridir. Olaryň
jemgyýetdäki mynasyp ornuny, ösüp gelýän ýaş nesli halallyk, watançylyk,
zähmetsöýerlik, edermenlik ruhunda terbiýelemekdäki hyzmatyny biz şanly
taryhymyzda, edebi mirasymyzda, gündelik durmuşymyzda hem aýdyň görýäris.
Ýaşululary
ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň çekmek, halkymyzyň jebisligini
pugtalandyrmakda we döwlet ähmiýetli meseleleri parasatlylyk bilen
maslahatlaşyp çözmekde olaryň baý zähmet hem-de durmuş tejribesini peýdalanmak
maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi hereket edýär.
Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilen Halk
Maslahatynyň mejlisinde ýaşulularyň maslahatlary we teklipleri diňlenildi,
şolaryň esasynda döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek boýunça möhüm Kararlar
işlenip düzüldi hem-de kabul edildi.
Ýaş
raýatlaryň hukuk, durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna
mahsus bolan ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklary dünýäde wagyz etmek, sagdyn
durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ýaş nesli watançylyk, ynsanperwerlik, raýat
jogapkärçiligi ruhunda terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak we
höweslendirmek ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan
ugurlarydyr.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň täze agzalygyna kabul etmek şu günki mejlisde ara
alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Bu mesele boýunça çykyş edenler
halk arasynda uly hormatdan peýdalanýan, il sylagly ýaşuly A.Myradowy agzalyga
hödürläp, onuň asylly şahsy häsiýetleri, guramaçylyk we beýleki başarnyklary
barada bellediler.
Ýaşulular
geňeşine kabul edilen täze agza türkmen halkynyň abadan durmuşy ugrunda giň
gerimli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman hajy
Serdarymyza we Gahryman hajy Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip,
Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin öňde goýlan belent maksatlaryň
netijeli durmuşa geçirilmegi ugrunda yhlasyny, bilimini, tejribesini
gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Şeýle hem
mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly
kitabyny halkyň, hususan-da, ýaşlaryň arasynda wagyz etmekde ýaşulularyň alyp
barýan işleri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu
kitabyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda neşir edilmegi uly ähmiýete
eýedir. Çünki onda ýaş nesliň wekilleriniň jemgyýetimiziň durmuşyndaky ornuna
mynasyp baha berilýär.
Mälim bolşy
ýaly, döwlet Baştutanymyz bu neşiriň ilkinji nusgasyny türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy
Gurbanguly Berdimuhamedowa sowgat hökmünde iberdi.
Bu ýere
ýygnananlar çuňňur mazmunly bu eseriň giň dünýägaraýyşly, watansöýer,
ruhubelent ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde halkymyz üçin gymmatly gollanma
öwrülendigini bellediler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Watanyny ýürekden söýýän,
hemmetaraplaýyn ösen ýaş nesli kemala getirmek döwlet syýasatynyň strategik
wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlenildi. Bellenilişi ýaly, döwlet
Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eseri ýurdumyzyň
jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna, Watanymyzyň halkara
abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere işjeň
gatnaşýan ýaşlar üçin uly gollanma bolup durýar.
Soňra
mejlise gatnaşyjylar 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»
ýyly şygarynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini we çuňňur many-mazmunyny halkyň
arasynda wagyz etmek boýunça ýaşulularyň alyp barýan işleri bilen baglanyşykly
meselelere garadylar. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, ýurdumyzda Gahryman
hajy Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryndan gözbaş alýan medeni syýasat
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli
durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde bolsa akyldar şahyr we filosof Magtymguly
Pyragynyň döredijiligi Türkmenistanda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda-da ylmy
esasda hemmetaraplaýyn öwrenilýär.
Häzirki
wagtda söz ussadynyň şygyrlary täze äheňde ýaňlanyp, dünýä halklary bilen
dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, halkara ynsanperwer
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda türkmen halkynyň ýol-ýörelgesine öwrülýär. Şunuň
bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň dekabrynda hormatly Prezidentimiziň Magtymguly
Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli
çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekendigini bellemek
gerek. Ozal degişli guramaçylyk topar döredilipdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda we beýleki döwletlerde Magtymguly
Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan mowzuklaýyn duşuşyklar, forumlar,
tanyşdyrylyş dabaralary, beýleki çäreler geçirilýär.
Çykyşlarda
döwlet Baştutanymyzyň maksatnamalaýyn özgertmelerinden badalga alan häzirki
taryhy döwrüň birnäçe möhüm wakalar bilen dabaralanýandygy nygtaldy. Şolaryň
hatarynda 2024-nji ýylyň TÜRKSOÝ tarapyndan «Türki dünýäniň beýik şahyry we
akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, Magtymguly Pyragynyň
golýazmalar toplumynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna
girizilmegi, şahyryň 300 ýyllygynyň ÝUNESKO bilen bilelikde belleniljek şanly
seneleriň sanawyna goşulmagy aýratyn üns çekilmäge mynasypdyr.
«Arkadag
Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçen 2023-nji ýyl ajaýyp we
dabaraly wakalara baý boldy. Şolaryň biri hem türkmen halkynyň Milli Lideri
Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze
goşgusyny döretmegidir. Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz döredijilik
eserlerinde, döwlet ähmiýetli dabaralardyr maslahatlarda edýän çykyşlarynda
Magtymguly Pyragynyň mirasyna aýratyn orun berýär. Türkmen halkynyň Milli
Lideri Magtymgulynyň eserleriniň manysyna içgin düşünýän, olary seljermegi we
düşündirmegi başarýan ajaýyp şahsyýetdir. Milli Liderimiziň täze goşgusy hem
munuň aýdyň mysalydyr.
Çykyş
edenler Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300
ýyllygyna bagyşlanan täze goşgusynyň göwün göteriji mazmuny bilen mähriban
Watanymyzyň durmuşyny baýlaşdyrýandygyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe halkymyzy täze üstünliklere we ýeňişlere ruhlandyrýandygyny
uly buýsanç bilen nygtadylar. Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýyly Magtymguly
Pyragynyň ady bilen baglanyşykly atlandyrmak barada, şeýle hem «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alyp, Halk Maslahatynyň wekillerinden,
ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan,
raýatlardan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Mejlisi
geçen ýylyň dekabrynda 2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»
ýyly diýip yglan etmek hakynda karary kabul etdi.
Aşgabadyň
günortasynda Magtymgulynyň ägirt uly heýkeliniň bina edilmegi beýik şahyryň we
akyldaryň ömrüne, döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleri tarapyndan uly
sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Onuň açylyş dabarasyny şahyryň ýubileýi
mynasybetli guraljak çäreleriň dowamynda geçirmek göz öňünde tutulýar.
Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde türkmen edebiýatynyň ajaýyp
nusgawy şahyrynyň hormatyna medeni-seýilgäh toplumyny döretmek başlangyjy
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde alnyp
barylýan işleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Ýeri gelende bellesek, hormatly
Arkadagymyz medeni-seýilgäh toplumynda daşary ýurt nusgawy şahyrlarynyň we
akyldarlarynyň heýkellerini oturtmak baradaky teklibi öňe sürdi. Munuň özi
halklaryň dost-doganlygynyň, hoşniýetli goňşuçylygynyň nyşanyna öwrüler.
Magtymguly Pyragy hem özüniň gymmatly eserlerinde şol ýörelgeleri öňe sürüpdir.
Mejlise
gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyndaky çykyşynda Magtymguly
Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hakynda belläp geçendigini aýtdylar.
Adamzat diňe bir dünýä edebiýatyna däl-de, eýsem, tutuş Gündogaryň, bütin
dünýäniň medeni ösüşine örän uly goşant goşan beýik ynsanperwer şahyry ýatlaýar
we oňa hormat goýýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
nygtady.
Şu günki
mejlisde çykyş edenler geçirilýän ähli çäreleriň we meýilleşdirilen ýubileý
dabaralarynyň dünýä jemgyýetçiliginiň Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen
has giňişleýin tanyşmagyna, onuň zehininiň çuňlugyny, özboluşlylygyny açyp
görkezmäge, netijeli ynsanperwer dialogy we dostlukly gatnaşyklary
pugtalandyrmaga, halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi berkitmäge
gönükdirilendigini bellediler. Bu bolsa Ýer ýüzünde parahatçylyk, ynanyşmak
medeniýetini ösdürmegiň möhüm şertidir.
Şeýle hem
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek
boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň işine aýratyn
üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly ýaşulularyň ynsanperwer
ýörelgelere ygrarlylykdan ugur almalydyklary, howandarlyga mätäçlere goldaw
bermäge taýyn bolmalydyklary, ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalary
üns-alada bilen gurşap almalydyklary bellenildi.
Haýyr-sahawat
gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna paýtagtymyzdaky we ýurdumyzyň
welaýatlaryndaky lukmançylyk merkezlerinde howandarlyga mätäç çagalara dürli
operasiýalar geçirilýär, bejergi işleriniň tölegleri tölenilýär, çagalar
öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde we mekdep-internatlarda terbiýelenýän,
bilim alýan ýaş türkmenistanlylar üçin saglygy goraýyş maksatly serişdeler
yzygiderli satyn alynýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň goldawy hem-de
atalyk aladalary esasynda mümkinçiligi çäkli çagalaryň saglygyny dikeltmek,
olaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, saglyklaryny berkitmek ugrunda ähli
zerur şertler döredilýär.
Gaznanyň
halkara derejede alyp barýan ynsanperwer çäreleri dostlukly döwletler
tarapyndan giňden goldanylýar we bu ýurtlarda gaznanyň haýyr-sahawat işlerine
gyzyklanma artýar. 2023-nji ýylda Türkiýäniň, Ukrainanyň, Russiýanyň,
Owganystanyň we Palestinanyň çagalaryna ynsanperwerlik kömeginiň ugradylmagy
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän
ynsanperwer başlangyçlarynyň aýdyň netijeleridir.
Mejlise
gatnaşyjylar ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn hem-de abadan durmuşy babatda edýän
yzygiderli aladalary, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda çagalaryň
bagtyýar ýaşaýşy, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmekleri we kämilleşmekleri
babatda ähli şertleriň döredilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de
hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we
olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Mejlise
gatnaşyjylar häzirki döwrüň derwaýys meselelerini üstünlikli çözmek we ýaşlaryň
jemgyýetimiziň, döwletimiziň durmuşynyň dürli ugurlaryna yzygiderli
gatnaşmaklaryny üpjün etmek boýunça wezipeleriň kesgitlenendigini belläp,
ýurdumyzdaky möhüm çäreleriň mynasyp derejede guralmagy üçin ähli tagallalary
etjekdiklerine ynandyrdylar.
tdh.gov