2024-nji
ýylyň 30-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran
Yslam Respublikasynyň täze saýlanan prezidenti Masud Pezeşkianyň wezipä
girişmek dabarasyna gatnaşdy.
Saparyň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň
Prezidenti Türkmenistanyň Daşary işler ministrini kabul etdi. Söhbetdeşligiň
barşynda R.Meredow goňşy döwletiň Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar
Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Eýran Yslan
Respublikasynyň wezipä girişmegi bilen gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny
ýetirdi.
Dostlukly häsiýete eýe bolan we dürli ugurlar boýunça
oňyn özgerdilýän türkmen-еýran hyzmatdaşlygynyň depginli ösüşini bellemek
zerurdyr. Ýokary we iň ýokary derjelerde ýola goýlan gatnaşyklar bu hyzmatdaşlygyň
berkidilmegine itergi berýär.
mfa.gov