Geçen
hepde möhüm ähmiýetli wakalara baý bolup, Garaşsyz Türkmenistanyň Gahryman
Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli
daşary syýasat ugruna yzygiderli eýerýändigini aýdyň görkezdi. Watanymyz oňyn
Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine
ygrarlydygyny görkezmek bilen, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän
netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşýar.
19-njy awgustda paýtagtymyzdaky Maslahat
köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky maslahaty geçirildi. Onuň
gün tertibine Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň ýerlerde alyp barýan işleri, öňde
durýan wezipeler baradaky hem-de käbir guramaçylyk meseleleri girizildi.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşine täze agzalary kabul
etmegiň meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, ýerli halk maslahatlaryndan,
jemgyýetçilik guramalaryndan, ýaşulularyň wekillerinden teklipler gelip
gowuşdy. Il içinde uly abraýdan peýdalanýan, ýokary şahsy häsiýetlere,
guramaçylyk we beýleki ukyp-başarnyklara eýe bolan ýaşululary dalaşgärlige
hödürlemek boýunça degişli işler alnyp baryldy. Şunlukda, Ýaşulular geňeşiniň
agzalygyna hödürlenilen ýaşulular maslahata gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan
saýlanyldy.
20-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk
Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular
geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda geňeşiň guramaçylyk meselelerine
garaldy we bu düzümiň ýerlerde alyp barýan işleri ara alnyp maslahatlaşyldy,
öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine
ýokary derejede taýýarlyk görmäge, bu ugurda tagallalary birleşdirmäge möhüm
ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky
mejlisinde guramaçylyk meselelerine seredildi. Mejlisiň dowamynda Milli
Liderimiz kabul edilen çözgütlere laýyklykda, “Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Ýaşulular geňeşiniň düzümini tassyklamak hakynda” hem-de “Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň düzümini tassyklamak
hakynda” Kararlara gol çekdi.
20-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Oňa Halk
Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasarlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň,
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Mejlisiň
dowamynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan
edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli
çäreleri ýokary derejede geçirmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp
maslahatlaşyldy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hem-de ony
guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň
Kararlaryna gol çekildi.
Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak
ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän
«Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Onuň maksady türkmen halkynyň milli bagşyçylyk we saz sungatyny ösdürmekden,
ýaş bagşy-sazandalary höweslendirmekden ybaratdyr.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Kids
EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarka geçirildi. Sergä
Türkmenistanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Fransiýanyň, Hytaýyň, Amerikanyň
Birleşen Ştatlarynyň, Russiýanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň öňdebaryjy bilim
merkezleriniň, çagalar üçin mebelleri, oýnawaçlary, serişdeleri, okuw
esbaplaryny we öwrediji gollanmalary öndürýän, şeýle-de iýmit kärhanalarynyň
80-den gowragy gatnaşdy. “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň
öndürýän saglygy goraýyş maksatly önümleri, çaga iýmitleriniň 7 görnüşi
sergi-ýarmarka gatnaşyjylaryň gyzyklanmasyna eýe boldy. Serginiň çäklerinde
ýurdumyzyň meşhur moda öýleriniň we dizaýnerleriniň çagalar üçin taýýarlan täze
lybaslar toplumynyň görkezilişi, intellektual bäsleşikler, beýleki gyzykly
çäreler geçirildi.
22-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýokary derejeli Türkmenistan —
Azerbaýjan — Özbegistan üçtaraplaýyn duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza iş
sapary bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň
arasynda gepleşikler geçirildi. Ikiçäk görnüşdäki duşuşygyň dowamynda Gahryman
Arkadagymyz bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti döwletara gatnaşyklaryň
häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde
dowam etdi. Taraplar Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda syýasy, ykdysady,
medeni ulgamlarda, beýleki durmuş ugurlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň
meselelerine ünsi çekdiler.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň
arasynda duşuşyk geçirildi. Belent mertebeli myhman Türkmenistan — Azerbaýjan —
Özbegistan üçtaraplaýyn duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza iş sapary bilen
geldi. Gahryman Arkadagymyzyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň
arasynda ikiçäk görnüşde geçirilen gepleşikleriň barşynda iki ýurduň arasyndaky
gatnaşyklaryň söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda
netijeliligi bilen tapawutlanýandygy, şunda söwda dolanyşygynyň ösüş depgininiň
durnukly ýagdaýda saklanýandygy kanagatlanma bilen bellenildi. Soňra
gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam
etdi. Onuň dowamynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak bilen bagly
meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de onuň geljekki ösüş ugurlary
kesgitlenildi.
22-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk
zolagyndaky Kongresler merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan
Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Özbegistan Respublikasynyň
Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Wekiliýetleriň
Baştutanlarynyň üç ýurduň Döwlet baýdaklarynyň hem-de duşuşygyň banneriniň
öňünde bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, üçtaraplaýyn görnüşdäki
gepleşikler geçirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri doganlyk
döwletleriň Baştutanlaryny Türkmenistana gelmäge we ýokary derejedäki
üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin minnetdarlyk
bildirdi. Gahryman Arkadagymyz çykyşynda sebitiň ýurtlarynyň halklaryny
köpasyrlyk dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, umumy
taryhy-medeni, ruhy gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygyny aýtdy. Bu bolsa
köpugurly gatnaşyklaryň, ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn
görnüşde-de pugtalandyrylmagy üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.
“Häzirki wagtda üç döwletiň arasynda syýasy,
ykdysady, medeni we durmuş ulgamlaryndaky gatnaşyklar döwrebap görnüşde
ösdürilýär. Şunda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga wajyp orun degişlidir” diýip,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. Türkmenistan, Azerbaýjan
hem-de Özbegistan Ýewraziýanyň çatrygynda, geografik taýdan amatly ýerde, ýagny
Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm böleginde ýerleşýär. Munuň özi ýurtlaryň tebigy çig
mallara baý bolmaklary bilen, energetika, ulag-logistika ulgamlaryndaky
hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaklary babatda oňaýly şertleri döredýär.
Hormatly Arkadagymyz döwletara gatnaşyklaryň gün tertibinde medeni-durmuş
ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm orun eýeleýändigini, halklaryň baý medeni
mirasyny, dilini, edebiýatyny, milli däp-dessurlaryny, halyşynaslyk,
amaly-haşam we aýdym-saz sungatyny gorap saklamagyň häzirki döwrüň wajyp
wezipesi bolup durýandygyny nygtady.
Üçtaraplaýyn duşuşygyň dowamynda Özbegistan
Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew çykyş edip, ýakynda Awazada
geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji
maslahatynyň çäklerinde kabul edilen çözgütleriň tutuş adamzadyň bähbidine
gönükdirilendigini belledi. Munuň özi oňa gatnaşan döwletleriň taryhyna möhüm
sahypa bolup ýazyldy. Özbek Lideri şu duşuşygyň dowamynda gazanyljak ylalaşyklaryň
üçtaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykmagyna kuwwatly itergi
berjekdigine ynam bildirdi hem-de hormatly Prezidentimiziň we Gahryman
Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde Türkmenistanyň dürli ugurlar boýunça
gazanýan ägirt uly üstünliklerine ýokary baha berdi.
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham
Aliýew ýangyç-energetika, ulag-logistika ulgamlarynda ýola goýulýan
gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, degişli
ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, öňe sürülýän başlangyçlary
amala aşyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Dostlukly
ýurduň Baştutany ýakynda Hazaryň kenarynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň taryhy ähmiýetli
waka öwrülendigini belledi. Forumyň çäklerinde geçirilen çäreleriň jemleri
boýunça degişli çözgütleriň kabul edilmegi we 2024 — 2034-nji ýyllar üçin
Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň yglan edilmegi hem-de Awaza syýasy
Jarnamasynyň kabul edilmegi tutuş dünýä ýurtlary üçin möhüm çözgütler hökmünde
kabul edildi.
Gepleşikleriň barşynda syýasy-ykdysady,
medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň
möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ykdysady ugra hem degip
geçmek bilen, üç ýurduň kuwwatlyklarynyň diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş
Ýewraziýada-da geoykdysady bähbitlere itergi bermekde uly ähmiýete eýedigini
tassykladylar. Elektroenergetikada ozaldan gelýän hyzmatdaşlygyň oňyn
tejribesiniň, gaz pudagynda strategik özara hereketleriň uly mümkinçilikleriniň
bardygy bellenildi. Ulag pudagy hem üç döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri
tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Duşuşygyň dowamynda Beýik
Ýüpek ýolunyň ugry bilen Aziýany we Ýewropany birleşdirýän ulag geçelgelerini
we ugurlaryny, olaryň infrastrukturasyny has-da işjeň ulanmak üçin
mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekildi. Hususan-da, Merkezi Aziýanyň hem-de
Hazarüsti sebitiň üstaşyr geçiriş mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň
zerurdygy nygtaldy. Şeýle-de ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek
boýunça amatly şertleri döretmek babatda ylalaşyk gazanyldy. Bu hyzmatdaşlyk
ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet, sungat, hususan-da, aýdym-saz,
halyçylyk, atşynaslyk ýaly köp sanly ugurlary öz içine alýar.
Ýokary derejeli duşuşygyň jemleri boýunça
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew
hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň,
Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Bilelikdäki
Beýannamasyny kabul etdiler. Şeýle hem “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy
bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň arasynda
halkara howa gatnawyny mundan beýläk-de ösdürmek barada özara düşünişmek
hakynda Ähtnama; Arkadag şäheri (Türkmenistan) bilen Fizuli şäheriniň
(Azerbaýjan Respublikasy) arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda
Teswirnama; Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy bilen
Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda gämi gurluşygy babatda
hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Ulag
ministrliginiň arasynda raýat awiasiýasy pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek
hakynda Teswirnama; Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy bilen «Özbek
respublikan haryt-çig mal biržasy» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk
etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň,
Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň hem-de Özbegistan
Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda ulag-logistika hyzmatdaşlygy
babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Ýokary derejeli Türkmenistan — Azerbaýjan —
Özbegistan üçtaraplaýyn duşuşygynyň çäklerinde medeni çäre geçirildi. Onuň
dowamynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary çykyş etdi hem-de belent
mertebeli myhmanlara hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan
sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi bilen
netijeli dialogy çuňlaşdyrmaga, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hoşniýetli
goňşuçylyk gatnaşyklaryny, ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine
ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga
gönükdirilen syýasatynyň hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli
özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýany boldy.
tdh.gov