PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

Täzelikler

Hormatly Prezidentimiz we Wengriýanyň Premýer-ministri halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar

21.08.2023
Card image cap

Budapeştde iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Bellenilişi ýaly, Wengriýa Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy strategiýasyny we onuň BMG-niň Baş Assambleýasynyň we beýleki halkara düzümleriň münberinden öňe sürýän ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek baradaky oňyn başlangyçlaryny doly goldaýar.

Bu babatda Türkmenistanyň we Wengriýanyň abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň çäklerinde netijeli gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.

Türkmenistan we Wengriýa syýasy-diplomatik ulgamda, şol sanda köptaraplaýyn görnüşde, Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly halkara düzümleriniň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edip, derwaýys sebit we ählumumy meseleler boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da ýakyndygyny görkezýärler. Bularyň ählisi iki ýurduň umumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän giň gerimli hyzmatdaşlyga meýillidigine şaýatlyk edýär.

 

www.tdh.gov.tm


Bulary hem okaň