2024-nji ýylyň 18-nji
ýanwarynda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň binasynda Daşary işler
ministri Raşid Meredow bilen Eýranyň nebit ministri Jawad Owjiniň arasynda
duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň çäklerinde häzirki meseleler we energetika pudagyndaky
hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan,
Türkmenistanyň we Eýranyň degişli edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary
artdyrmakda özara gyzyklanma bildirildi. Şeýle hem iki dostlukly ýurduň
energetika ulgamyndaky mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň häzirki wagtdaky
ýagdaýy hem-de mümkin bolan ugurlary nygtaldy.
mfa.gov