Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyndaky
kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan Ýaşlyk suw arassalaýjy
desgasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.
Halkymyzyň rowaçlygy, ýaşaýyş-durmuş
derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň döwlet
syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ýurdumyzda kabul edilen we üstünlikli durmuşa
geçirilýän giň möçberli maksatnamalar, şol sanda «Türkmenistanyň
Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň,
etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy»
şu maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Şunda halkymyzyň arassa agyz suwy bilen
üpjün edilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi.
Ýurdumyzyň suwy rejeli we netijeli
peýdalanmakda baý tejribesi bardyr. Halkymyz asyrlaryň dowamynda suwa aýawly
garap gelipdir. Häzirki döwürde bu parasatly däplerimiz suw hojalygynyň
infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, pudaga ylmyň gazananlaryny we ekologiýa
taýdan arassa innowasion suw tygşytlaýjy
tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çärelerde öz
beýanyny tapýar. Şunuň bilen birlikde, pudaga sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna
hem uly ähmiýet berilýär.
Türkmenistanda suw serişdelerini
dolandyrmak we gorap saklamak, suwuň goşmaça gorlaryny döretmek, şäherleriň we
obalaryň suw üpjünçiligini gowulandyrmak,
suw howdanlarynyň göwrümlerini, derýalaryň, suwaryş we lagym ulgamlarynyň
geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak boýunça çemeleşmeleriň kämilleşdirilmegine
yzygiderli üns berilýär. Şu maksatlar bilen degişli taslamalar durmuşa
geçirilýär, pudak üçin ýörite tehnikalar we iň täze enjamlar satyn alynýar.
tdh.gov