Düýn —
Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp binagärlik
keşbine sazlaşykly utgaşýan täze desgalaryň açylyş dabaralary boldy.
Ata-babalarymyzyň
parasatly ýörelgeleri esasynda ýaş nesli watançylyk, wepalylyk, Watanyň we
halkyň geljegi üçin jogapkärçilik ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň sazlaşykly
ösüşi üçin ähli zerur şertleri döretmek parahatçylyk, döredijilik ýoly bilen
ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri
tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze, ak
mermerli binalar toplumy hem munuň aýdyň güwäsidir. Mälim bolşy ýaly, bu
toplumyň düýbüni tutmak dabarasy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2022-nji
ýylyň 27-nji ýanwarynda — Watan goragçylarynyň gününde geçirilipdi.
Irden toplumyň çäginde baýramçylyk ýagdaýy emele
geldi. Şanly waka mynasybetli bu ýere harby we hukuk goraýjy edaralaryň
ýolbaşçylary, harby ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, harby
mekdepleriň okuwçylary ýygnandylar. Asylly däbe görä, döwlet Baştutanymyzyň her
ýylyň 1-nji sentýabrynda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp
ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagy dabaraly ýagdaýda
okaldy.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bütin
adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir. Şundan ugur alyp,
türkmen halky hem öz şöhratly taryhynyň bütin dowamynda ylma-bilime aýratyn
sarpa goýup, umumadamzat gymmatlyklaryna mynasyp goşant goşup gelýär.
“Ösüşleriň we özgerişleriň, döretmegiň, gurmagyň nusgalyk ýoly bilen ynamly öňe
barýan häzirki beýik döwrümizde milli tejribelerimize eýerip, şeýle hem
dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryna daýanyp, ýurdumyzyň milli bilim ulgamyny
özgertmek ugrundaky döwlet maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirýäris. Bu
özara baglanyşykly, toplumlaýyn işler ýurdumyzyň bilim binýadyny has-da
berkitmek bilen birlikde, päk ahlakly, hakyky watansöýüji nesilleriň kemala
gelmegine oňyn täsir edýär”, diýlip Gutlagda bellenilýär.
“Biz geljekde hem ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýä
derejesine çykarmak, ýaşlarymyzyň sazlaşykly ösmegi, dünýägaraýşynyň giňelmegi
üçin ähli şertleri döretmek meselelerine aýratyn üns bereris” diýip, hormatly
Prezidentimiz nygtaýar hem-de talyplaryň we mekdep okuwçylarynyň yhlasly okap,
zähmet çekip, döredijilikli gözleglerde bolmalydyklaryna, Watanymyzyň
şan-şöhratyny belende götermelidiklerine ünsi çekýär.
Hormatly Prezidentimiz okuw we dolandyryş binasynyň
öňündäki meýdança gelýär. Dabara gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen döwlet
Baştutanymyzy mübärekleýärler.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew hasabat berýär.
Soňra milli Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylarynyň
taýýarlan edebi-sazly kompozisiýasy ýaýbaňlandyrylýar. Onda halkymyzyň hakyky
watançylygyň, edermenligiň we ýokary ynsanperwer gymmatlyklara ygrarlylygyň
nusgasyna öwrülen görnükli şahsyýetleriniň keşpleri öz beýanyny tapdy. Harby
orkestriň çykyşlary we Watan goragçylarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan
watançylyk aýdymlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
Oňyn Bitaraplygy, parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetli
goňşuçylygy, netijeli halkara hyzmatdaşlygy döwlet syýasatynyň esasy
ýörelgeleri hökmünde yglan eden Türkmenistan diňe goranyş häsiýetli, ýurdumyzyň
howpsuzlygyny, halkymyzyň parahat we abadan durmuşyny üpjün etmäge, Milli
goşunymyzyň goranyş ukybyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen Harby doktrinany
üstünlikli durmuşa geçirýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp,
häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Ýaragly Güýçlerimiziň
maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan
toplumlaýyn çäreler hem şu maksatlara gönükdirilendir. Şöhratly
ata-babalarymyzyň asylly däplerini mynasyp dowam etdirýän ýaş harby
gullukçylaryň neslini terbiýeläp ýetişdirmek alnyp barylýan işleriň ileri tutulýan
ugry hökmünde çykyş edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow okuw we
dolandyryş binasynyň girelgesine tarap ugraýar. Bu ýerde harby mekdebiň
okuwçysy täze toplumy açyp bermek haýyşy bilen döwlet Baştutanymyza ýüzlenýär.
Dabaraly pursat ýetip gelýär: ýygnananlaryň el
çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz toý bagyny kesýär we binanyň içine
girýär.
Binanyň eýwanynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzy harby
mekdebiň okuwçylary mübärekleýärler. Olar gülläp ösýän eziz Watanymyzy, beýik
şöhratly ýolumyzy wasp edýän goşgulary ýerine ýetirýärler.
Baştutanymyz
dabaraly ýagdaýda ömrüni Watana, halka gulluk etmäge bagyşlan we ildeşleriniň
çuňňur hormatyna eýe bolan garry atasynyň heýkeline gül çemenini goýup, onuň
ýagty ýadygärligine tagzym edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň
adyndan harby okuwçylara sowgatlar gowşuryldy hem-de döwlet Baştutanymyz olaryň
haýyşy boýunça ussat mugallym, watançy esger Berdimuhamet Annaýewiň binanyň
eýwanynda oturdylan heýkeliniň öňünde ýadygärlik surata düşdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ýöriteleşdirilen harby
mekdebiň sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan innowasion muzeýine barýar.
Bu ýerde harby gullukçy döwlet Baştutanymyzy birnäçe bölümden ybarat muzeýiň
işi bilen tanyşdyrdy. Ýaş nesli terbiýelemek işine uly goşant goşan we Beýik
Watançylyk urşunyň söweşlerinde gaýduwsyzlyk, edermenlik görkezen Berdimuhamet
Annaýewiň durmuş, zähmet, söweş ýoly barada gürrüň berýän taryhy gymmatlyklar,
foto we wideoşekiller muzeýiň esasy aýratynlygydyr.
Muzeýde Gahryman Arkadagymyzyň kakasy, hormatly
Prezidentimiziň atasy, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly
Berdimuhamedowa bagyşlanan gymmatlyklar hem ýerleşdirilipdir. Olar döwlet
Baştutanymyzyň atasynyň içeri işler edaralarynda işlän döwrüne degişli
tehnikalaryň kiçeldilen nusgalarydyr we gulluk resminamalarydyr. Mälikguly
aganyň ömür we zähmet ýoly häzirki döwürde ýaşlar üçin nusgalyk mekdepdir.
«Mertler Watany beýgeldýär» atly bölüm türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň beýik işlerine we watançylyk mekdebine bagyşlanýar. «Şöhratly
geçmişden buýsançly geljege» atly bölüm Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň giň gerimli
işleri barada gürrüň berýär.
Muzeý gymmatlyklary bilen tanşyp, döwlet Baştutanymyz
okuw we dolandyryş binasynda ýerleşýän elektron kitaphana bardy hem-de kitap
gaznasy, onuň enjamlaşdyrylyşy, sanly tehnologiýalaryň döwrebap
mümkinçiliklerinden peýdalanmagy şertlendirýän işiniň aýratynlyklary bilen
gyzyklandy.
Bu ýerde zerur bolan kitaplary we degişli maglumatlary
gözlemek üçin ýörite sensorly monitorlar oturdylypdyr. Döwrebap web programma
ornaşdyrylan kompýuter toplumlary kitaplary elektron görnüşde okamaga
mümkinçilik berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň
we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýaş nesle terbiýe bermekde
ägirt uly ähmiýeti bolan kitaplary bu ýerde aýratyn orny eýeleýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz taktiki söweşe taýýarlanmak
üçin niýetlenen okuw otagyna bardy. Bu ýerde harby gullukçy ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyny sanly ulgam arkaly harby okuwçylary
okatmagyň aýratynlygy bilen tanyşdyrdy.
Döwrebap enjamlar, programma üpjünçiligi islendik
howa, şol sanda meýdan şertlerinde taktiki we söweş hereketlerini amala
aşyrmaga mümkinçilik berýär. Bu otag türgenleşigiň geçişini synlamak, taktiki
taýýarlygyň netijelerine baha bermek üçin ýörite monitorlar, wirtual hakykata
aralaşdyrýan äýnekler, ylgaw meýdançasy, serwer we kompýuter simulýatorlary,
bronirlenen harby tehnikanyň simulýatory bilen enjamlaşdyrylandyr. Bularyň
ählisi okuwçylary hemmetaraplaýyn taýýarlamagyň, olary söweşjeň häsiýetde
terbiýelemegiň ýokary derejesini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Döwlet Baştutanymyz Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň
binalar toplumy bilen tanyşlygyň dowamynda 1 müň orunlyk mejlisler jaýyna baryp
gördi. Soňra hormatly Prezidentimiz robototehnika otagyna bardy we harby
okuwçylary robotlary hem-de uçarmansyz uçýan enjamlary dolandyrmaga
taýýarlamagyň usulyýeti bilen giňişleýin gyzyklandy.
Robototehnika sapaklary geljekki Watan goragçylarynyň
innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly nazary we amaly wezipeleri çözmäge
gyzyklanmalaryny artdyrýar. Uçarmansyz uçýan enjamlary dolandyrmak üçin
ýeterlik taýýarlyk zerurdyr. Sanly düzümi bolan uçarmansyz uçýan döwrebap
enjamlaryň kömegi bilen harby okuwçylar nazaryýetde alan bilimlerini tejribe
bilen utgaşdyryp bilerler. Bu düzümleri ulanmak köp wezipeleri üstünlikli
çözmäge mümkinçilik berýär. Ýörite simulýator okuwçylara uçarmansyz uçýan
enjamlar bilen doly tanyşmaga, olary dolandyrmagyň endiklerini ele almaga şert
döredýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz sport toplumyndaky lazerli
türgenleşik otagyna baryp, söweşjeň tilsimleri özleşdirýän harby okuwçylaryň
türgenleşikleriniň guralyşy bilen tanyşdy. Bu otag toparlaýyn türgenleşikler
üçin niýetlenendir. Onda ýaraglary we esbaplary saklamak üçin bölüm, esasy oýun
meýdançasy bar. Türgenleşikler üçin lazer sensorly ýörite başgaplar, elektron
ýaraglar, ýokary duýujylykly goranyş serişdeleri ulanylýar. Harby okuwçylar
toparlara bölünip, emeli päsgelçilikleriň arasynda söweş tilsimlerini ele
alýarlar.
Döwlet Baştutanymyz atyş taýýarlygyny geçmek üçin
niýetlenen otaga geldi, soňra bolsa “Bodyflight” diýlip atlandyrylýan ýörite
ýere bardy.
Bu ýerde durmuş hakykatyna ýakyn şertlerde
paraşýutçylaryň türgenleşikleri üçin ýörite enjam oturdylypdyr.
Ýöriteleşdirilen howpsuz türgenleşik enjamy dik aerodinamiki turbadan ybarat
bolup, onuň içinde howa akymy döredilýär. Enjam adama uçardan bökmegiň
täsirlerini duýmaga, howada durnukly saklanmaga, paraşýutçynyň hereketlerini
özleşdirmäge, bu babatdaky bilimlerini kämilleşdirmäge, öz bedenini
dolandyrmagy öwrenmäge mümkinçilik berýär. Paraşýutçynyň simulýatorynyň
ulanylmagy türgenleşikleriň üstünlikli geçmegini şertlendirýär. Döwlet
Baştutanymyz harby okuwçylara paraşýutda bökmäge tälim bermek üçin niýetlenen
bu enjamy ulanmagyň aýratynlyklary bilen gyzyklandy.
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby
mekdebiň täze binalar toplumynda zehinli ýaş Watan goragçylarynyň neslini
kemala getirmek, olaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmekleri, dürli harby hünärleri
özleşdirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Bu ýerde harby
okuwçylaryň bilimleri üstünlikli ele almaklary, ýaşaýşy, boş wagtlaryny peýdaly
geçirmekleri, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertler
göz öňünde tutulandyr.
Hormatly Prezidentimiz ýaş nesle bilim-terbiýe bermek
meseleleriniň döwletimiz tarapyndan hemişe üns merkezinde saklanylýandygyny
belläp, harby mekdebiň okuwçylaryny we mugallymlaryny täze toplumyň açylmagy
bilen gutlady hem-de olara okuwda, häzirki zaman bilimlerini, innowasion
tehnologiýalary özleşdirmekde üstünlikleri arzuw etdi. Munuň özi Ýaragly
Güýçlerimiziň ähli goşunlarynyň häzirki wagtda iň täze harby tehnikalar we
enjamlar bilen üpjün edilýändigi nukdaýnazaryndan hem aýratyn möhüm ähmiýete
eýedir.
Ýaşlar baradaky hemmetaraplaýyn aladalary, harby
mekdebiň täze binalar toplumyny dabaraly açyp berendigi üçin Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly
Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mekdebiň mugallymlarynyň we
okuwçylarynyň, ähli harby gullukçylaryň adyndan çuňňur hoşallyk beýan edildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz okuw we dolandyryş
binasyna tarap ugrady. Ýol ugruna döwlet Baştutanymyz Berdimuhamet Annaýew
adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň direktoryna täze awtoulaglaryň
açarlaryny gowşurdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow
harby bilim edarasynyň Hormatly myhmanlarynyň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp
we hemmeleri şanly waka bilen gutlap, Aşgabat şäher häkimliginiň toplumynyň
binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
*
* *
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan
şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde
Aşgabat ýaşamak üçin iň amatly şäherleriň hatarynda ornuny berkidýär.
Paýtagtymyzyň binagärlik keşbini mundan beýläk-de kämilleşdirmek ugrundaky
taýsyz tagallalary “Aziýanyň merjeni” diýlip ykrar edilen şäherimiziň okgunly
ösüşinde öz beýanyny tapýar. Hemmetaraplaýyn ösen şäheriň ähli aýratynlyklaryny
özünde jemleýän Aşgabadyň durmuş infrastrukturasy yzygiderli ösdürilýär,
binagärlik toplumlarynyň üsti täze binalar we desgalar bilen ýetirilýär.
Aşgabat şäher häkimliginiň pensiýa gaznasyny, zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçilik bölümini, Baş bilim, Medeniýet müdirliklerini öz içine alýan
toplumynyň bina edilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir.
Şanly waka mynasybetli bu ýere Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat
şäheriniň häkimi, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar. Toplumyň binasynyň öňünde uly toýa mahsus
baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ruhubelentlik
bilen garşylanyldy. Täze toplumyň öňünde sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary
ýaýbaňlandyryldy. Olar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ynamly
öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy wasp etdiler.
Soňra ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toý bagyny kesýär. Şeýlelikde,
paýtagtymyzyň taryhy merkeziniň keşbini has-da gözelleşdirýän Aşgabat şäher
häkimliginiň toplumy açylýar. Şol pursat asmana dürli reňkli şarlar uçurylýar.
Hormatly Prezidentimizi bagtyýar çagalar joşgunly
goşgy setirlerini aýdyp, mähirli garşyladylar. Soňra döwlet Baştutanymyz
körpeleriň haýyşy boýunça olar bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz binanyň içine girip,
toplum bilen tanyşdy. Bu ýerde işgärleriň döwrüň talaplaryna laýyklykda
netijeli zähmet çekmegi üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Soňra döwlet
Baştutanymyz toplumyň şäher wideogözegçilik merkezi otagyna bardy we ol ýerde
alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Hünärmen hormatly Prezidentimizi mähirli mübärekläp,
doly awtomatlaşdyrylan dispetçer otagynyň işi bilen tanyşdyrdy. Bu otagda
gurnalan hem-de döwrebap programma bilen üpjün edilen kompýuterler arkaly
Aşgabat şäheriniň çägindäki seýilgählere wideogözegçilik amala aşyrylýar. Munuň
özi ak mermerli paýtagtymyzyň arassaçylygynyň we abadançylygynyň üpjün
edilmegine ýardam berer.
Hünärmen Gahryman Arkadagymyza hem-de ýurdumyzyň baş
şäherini ösdürmek boýunça giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli
durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza şeýle ajaýyp binany gurduryp
berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz
hünärmene alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz toplum bilen tanyşlygyny
dowam edip, onuň umumy orta bilim bölümine geldi.
Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginiň hünärmeni
döwlet Baştutanymyzy Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2024-2025-nji täze
okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Hünärmen döwlet Baştutanymyzy “e-Mekdep” ulgamy bilen
tanyşdyrdy. Bu ulgam maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalarynyň
ornaşdyrylyşyny işjeňleşdirmek esasynda bilim bermegiň hilini gowulandyrmakdan
ybarat bolup, onuň üsti bilen ata-eneler öz çagalarynyň ýetişigi, okuwa
gatnaşygy, gündelik geçilen temasy, öý işi we alýan bahalary bilen tanşyp
bilýärler. Şeýle-de ol mekdeplerde okuw işleriniň guralyşyna, okuwçylaryň
gatnaşygyna, derse ýetişigine, kabul edilýän okuwçylaryň sanyna, mugallymlaryň
geçen sapaklaryna, okuwçylaryň alýan bahalaryna seljerme bermäge, her bir
okuwça şahsy okuw maslahatlarynyň berilmegine şert döredýär.
Hünärmen ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary ugrundaky
tagallalary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan
edip, berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan
işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Paýtagtymyzda binalaryň gurluşygy häzirki döwrüň ösen
binagärlik talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Ata Watanymyzyň baş
şäheriniň nurana keşbinde halkymyzyň baý medeni mirasy, ýurdumyzyň
hemmetaraplaýyn artýan kuwwaty aýdyň şöhlelenýär.
Toplumyň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri
binagärlik we bezeg babatda häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar.
Bu ýerde halkara ölçeglere laýyk gelýän amatlyklar işgärleriň we hünärmenleriň
mynasyp zähmet şertlerini guramaga mümkinçilik berýär. Şunda Türkmenistanyň
syýasy strategiýasynyň esasynda goýlan “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelge öz
mynasyp beýanyny tapýar.
Köp gatly binadan ybarat bu toplumda 300 orunlyk
mejlisler zaly, ähli amatlyklar bilen üpjün edilen 110-dan gowrak iş otagy, 120
orunlyk naharhana, tehniki desgalar bar. Iş otaglary işgärleriň netijeli zähmet
çekmegi üçin zerur enjamlar, şol sanda kompýuterler, mebeller we beýleki
degişli serişdeler bilen üpjün edilip, bu ugurda bildirilýän talaplara doly
laýyk gelýär.
Toplumyň içki bezegine häzirki zaman suratkeşleriniň
nakgaş eserleri aýratyn görk berýär. Topluma ýanaşyk ýerler abadanlaşdyryldy we
bagy-bossanlyga büreldi. Suw çüwdürimi guruldy, agaç nahallarynyň köp sanlysy
oturdyldy, dürli güller ekildi. Umuman, bu ajaýyp bina paýtagtymyzyň gözel
binagärlik keşbi bilen sazlaşykly utgaşdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow
Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy we hemmelere
üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
tdh.gov