Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Pekinde «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» türkmen strategiýasynyň
Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» strategiýasyna laýyk gelýändigini aýtdy.
Gahryman
Arkadagymyz «Bir guşak, bir ýol» Üçünji ýokary derejeli maslahatynyň
çäklerindäki Özara baglanyşyk boýunça ýokary derejeli maslahatda eden çykyşynda
soňky döwrüň ýagdaýlary, pandemiýa, durnuksyzlygyň artmagy, ynanyşmagyň
peselmegi ählumumy ykdysady işjeňlige ýaramaz täsirini ýetirendigini, özara
arabaglanyşykda kynçylyklary ýüze çykarandygyny, durnukly ösüş ulgamynda
meýilnamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmegiň netijeliligini azaldandygyny
belläp geçdi.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, şu
ýaramaz ýagdaýlary ýeňip geçmek üçin döwletleriň we halkara institutlaryň
tagallalarynyň birleşdirilmegini, hoşmeýilli erk-islege daýanýan döredijilikli
we oňyn gün tertibini berkarar etmek işinde olaryň raýdaşlygyny,
jogapkärçiligini we öňdengörüjiligini talap edýär.
Gahryman
Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, şu nukdaýnazardan, «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek»
türkmen strategiýasy many-mazmuny boýunça Türkmenistanyň Ýewraziýanyň geljekki
geoykdysady landşafty baradaky garaýyşlaryna, şeýle hem Hytaýyň «Bir guşak, bir
ýol» strategiýasyna laýyk gelýär. Şunda deňhukuklylyk, hyzmatdaşlygyň bähbitlerini
nazara almak we ykrar etmek, özara bähbitlilik, medeni we ruhy gymmatlyklaryň
köpdürlüligine hormat goýmak esasy ýörelgeler hökmünde çykyş edýär.
«Hyzmatdaşlygyň
syýasylaşdyrylmagyny aradan aýyrmak, energetika we ulag akymlarynyň
birtaraplaýynlygyndan el çekmek olaryň giň halkara gatnaşyklary üçin
diwersifikasiýalaşdyrylmagyny we elýeterliligini üpjün etmek türkmen
çemeleşmesiniň möhüm ugry bolup durýar» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Türkmen
halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky
dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň baý taryhy tejribesine daýanmak, häzirki
wagtda özara obýektiw bähbitleriň bolmagy Türkmenistana we Hytaýa bu iki
strategiýanyň durmuşa geçirilmegi, olaryň utgaşdyrylmagy we birek-bireginiň
üstüniň ýetirilmegi babatda hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge mümkinçilik
berýär.
«Olaryň
ikisi hem Ýewraziýada ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berip, Ýuwaş ummanyndan
Atlantik ummanyna çenli häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda giňişlikleri
birleşdirip, özara baglaşan önümçilik we tehnologik tapgyrlary hem-de senagat
guşaklaryny kemala getirip, köpsanly durmuş meselelerini çözmäge, halklaryň
ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga we abadançylygyny artdyrmaga ýardam
etmelidir» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow belledi.
tdh.gov