Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary, Hytaýyň Kommunistik
partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň Hemişelik Komitetiniň agzasy
Din Sýuesýan bilen duşuşdy.
Duşuşygyň
dowamynda söhbetdeşler iki döwletiň dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri
boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini kanagatlanma bilen
bellediler. Bu bolsa özara bähbitlere laýyk gelýän ynanyşmak dialogynyň kemala
gelmegine ýardam berýär.
Söwda-ykdysady,
ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlary, senagat, oba hojalyk
pudaklary we beýleki ugurlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň
hatarynda görkezildi.
Şeýle
hem taraplar iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we
medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp
maslahatlaşdylar.
tdh.gov