Şu gün Germaniýa Federatiw Respublikasynda iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Berlinde geçirilýän türkmen-german işewürler maslahatyna gatnaşýar.
Şeýle hem «Marriot» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilýän çärä Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we Türkmenistanyň esasy pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşýarlar. Kabul edýän tarapdan bu çärä GFR-iň esasy ministrlikleriniň, German ykdysadyýetiniň gündogar komitetiniň, Kiçi we orta kärhanalaryň federal birleşiginiň wekilleri, iri banklaryň hem-de dürli ulgamlarda işleýän onlarça kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.
Işewürler maslahatyň dowamynda ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça türkmen-german hyzmatdaşlygynyň ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirildi.
Germaniýa ýurdumyzyň esasy işewür hyzmatdaşlarynyň hatarynda çykyş edýär. Iri german işewür düzümleri bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklar, şeýle hem GFR-iň wekiliýetiniň giň düzümi Germaniýa tarapyndan ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
tdh.gov.tm