2025-nji ýylyň 15-nji fewralynda
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş
Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan
edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly
Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň
çäklerinde iş maslahatyny geçirdi. Onda paýtagtymyzda durky täzelenilýän
Bitaraplyk binasy we onuň hojalyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Häzirki
döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli işleriniň Arkadagly
Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde
ýurdumyzyň ähli künjeginde, şol sanda paýtagtymyzda dürli maksatly desgalaryň
gurluşygyna we ozal bar bolanlarynyň durkunyň täzelenilmegine, binalaryň
ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.
Milli
Liderimiz ir bilen Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän we bu töweregiň
özboluşly aýratynlyklary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýän Bitaraplyk
binasynyň ýanyna geldi. Gyş paslynyň tamamlanyp barýan günlerinde dag
eteklerinde ýakymly howa gurşawy emele geldi. Säheriň salkyn howasy ynsan
ruhuna oňaýly täsir edýär.
Soňky
ýyllarda paýtagtymyzyň günorta bölegi tanalmaz derejede özgerdi. Şunda bina
edilýän dürli maksatly desgalaryň bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen
sazlaşykly utgaşmagyna möhüm üns berilýär. Edara binalarynyň, durmuş maksatly
desgalaryň seýilgäh zolaklary we şäheriň esasy bezegine öwrülen suw
çüwdürimleri bilen sazlaşmagynyň taslama taýýarlaýjylara, gurluşykçylara
bildirilýän esasy talaplaryň biri hökmünde kabul edilendigini aýdyp, Gahryman
Arkadagymyz bu ugurdaky işleriň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede dowam
etdirilmelidigine ünsi çekdi.
Taryha
ser salsak, Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy
hemişelik Bitaraplygymyzyň binýadyny goýdy. Bu taryhy pursat ähli
türkmenistanlylaryň durmuşynda ýatdan çykmajak waka boldy. 1995-nji ýylda
ilkinji gezek ykrar edilen Bitaraplygymyz halkymyzyň beýik ynsanperwer
ýörelgelerinden ugur alýar. Şonda hemişelik Bitaraplygymyzy 185 döwlet goldady.
Bu mukaddes gymmatlygymyzyň şanyna bolsa beýikligi 95 metr bolan Bitaraplyk
binasy guruldy. Ajaýyp bina bezeg berýän bäş welaýatyň haly gölleri halkymyzyň
bitewüligini, jebisligini aňladýar.
Milli
Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, binanyň depesinde Beýik Saparmyrat
Türkmenbaşynyň heýkelini goýmak baradaky teklibi Mejlisiň, halkyň goldandygyny
we şol pursatlaryň şaýady bolmagynyň has-da guwandyryjy waka öwrülendigini
ýatlady.
Taryhy
binanyň düýbi tutulanda, Gahryman Arkadagymyzyň uly ornunyň bolandygyny
bellemek örän ýakymly.
Halk
Maslahatynyň Başlygy halkymyzda «Tagan aýagy üç bolar, biri-birine güýç bolar»
diýlişi ýaly, gyş paslynyň şeýle hoştap howaly günlerinde belent maksatlara
hyjuw döredýän Bitaraplyk binasynyň hem üç aýakdan ybaratdygyny aýtdy. Binanyň
her bir aýagy ebedi gymmatlygymyzyň mizemezligini pugtalandyrýan dek, üç sany
şanly senäni özünde jemleýär. Bu bina halkymyzy taryhy ýyllaryň ajaýyp
günleriniň jümmüşine alyp gidýär. Baky Bitaraplygymyz ilkinji gezek 1995-nji
ýylda ykrar edilen bolsa, 2015-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda
193 döwletiň goldamagynda ikinji gezek ykrar edildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş
Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”
diýlip yglan edildi. Munuň özi beýik başlangyçlaryň dünýä ýaň salandygyny,
Türkmenistanyň abraýynyň barha ýokarlanýandygyny subut edýär.
Milli
Liderimiziň garamagyna paýtagtymyzyň günortasynda döwrebaplaşdyrylýan
desgalaryň şekil taslamalary, ekiljek baglaryň we yşyklandyryş sütünleriniň
degişli görnüşleri görkezildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we
senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow Bitaraplyk
binasynyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler,
gurulýan we durky täzelenilmegi meýilleşdirilýän ýol-ulag düzümine degişli
desgalaryň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat
berdi.
Görkezilýän
şekil taslamalarynyň hatarynda Bitaraplyk binasynyň ýanaşyk ýerlerini
abadanlaşdyrmagyň we bu künjekde ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň
teklip edilýän görnüşleri, yşyklandyryş sütünleri, şäheriň Bitarap Türkmenistan
we Çandybil şaýollarynyň aýlawly çatrygynyň, paýtagtymyzyň günortasynda sil suw
akabasynyň, seýilgäh zolagynyň teklip edilýän görnüşleri bar.
Gahryman
Arkadagymyz taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we
degişli düzedişleri girizdi. Aşgabadyň dürli künjeklerinde gurulýan, durky
täzelenilmegi meýilleşdirilýän binalaryň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň,
gurluşyk we bezeg serişdeleriniň berkligine zerur üns berilmelidir. Binalardyr
desgalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmakda we olaryň çäklerinde bag
nahallarynyň oturdylmagynda ýerli tebigy aýratynlyklaryň göz öňünde
tutulmalydygyny, şunda häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň nazara
alynmalydygyny belläp, Halk Maslahatynyň Başlygy bu babatda birnäçe
maslahatlaryny berdi. Aýratyn-da, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň
gurluşygynda, olary döwrebaplaşdyrmakda täzeçil tehnologiýalar işjeň
ulanylmalydyr. Bu ýerde alnyp barylýan işler döwrüň talabyna, milli
binagärlikde ýetilen sepgitleriň derejesine laýyk gelmelidir.
Bitaraplyk
binasynyň talabalaýyk döwrebaplaşdyrylmagyna, onda BMG-niň baýdagynyň reňkiniň
öz beýanyny tapmagyna jogapkärçilikli çemeleşilmelidir. Bu barada aýtmak bilen,
hormatly Arkadagymyz Bitaraplyk binasynyň töweregindäki desgalaryň
gurluşygynyň, bezeg işleriniň bu künjegiň derejesine laýyklykda ýerine
ýetirilmelidigini belledi. Hemişelik Bitaraplyk derejesi BMG-niň Baş
Assambleýasynyň degişli Kararnamalary esasynda ykrar edilen ýurdumyzda bu şanly
sene mynasybetli guraljak dabaralar häzirki döwrüň ruhuna, milli toý
dessurlaryna kybap derejede ýaýbaňlandyrylmalydyr. Milli Liderimiz tutumly
toýlarda Watanymyzyň ýeten derejesiniň, ýurdumyzyň tutuş adamzat ähmiýetli öňe
sürýän başlangyçlarynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň öz beýanyny
tapmalydygyny hem-de ähli binalaryň bezeg işleriniň, reňkleriniň Bitaraplyk
derejämize laýyk sazlaşygyny üpjün etmek boýunça zerur tagallalaryň
edilmelidigini nygtady.
Tanyşlygyň
dowamynda Gahryman Arkadagymyz bu künjekde türkmen Bitaraplygynyň taryhyna
degişli maglumatlary özünde jemleýän muzeýiň döredilmeginiň maksadalaýyk
boljakdygyny belläp, ugurdaş düzümleriň, şol sanda seýilgähiň gurulmagyna, onda
oturdyljak saýaly baglaryň görnüşleri boýunça degişli alymlar bilen
geňeşmeleriň geçirilmegine zerur üns berilmelidigini aýtdy. Ynsanperwer
ýörelgeleri, parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklary esasy ugur edinýän hemişelik
Bitaraplygymyzyň aýdyň nyşany bolan bu kaşaň binanyň döwrebaplaşdyrylmagynda
häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary ulanylmalydyr. Binanyň reňk sazlaşygynda
oňyn Bitaraplyk ýörelgeleriniň baş mazmuny, BMG-niň degişli nyşanlary öz
beýanyny tapmalydyr.
Soňra
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde
Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Watanymyzyň hemişelik
Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy
tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi
mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň
Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde iş
maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Bitaraplyk baýramyny mynasyp derejede
guramagyň we dabaralary geçirmegiň maksatnamasy baradaky hasabatlar diňlenildi.
Bellenilişi ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen Bitaraplyk
derejesi iki gezek ykrar edilen ýurdumyzyň ähli düzümlerinde şanly senäni
guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işlerine giň gerim berildi.
Ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda şu ýylyň dowamynda şanly
sene mynasybetli sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň, beýleki çäreleriň
guralmagy meýilleşdirildi. Ähli göz öňünde tutulýan çäreleriň ýokary
guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda bilelikdäki işler zerurdyr. Şunuň
bilen baglylykda, çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi ugrunda ähli zerur
tagallalaryň ediljekdigi aýdyldy. Şunda olaryň guramaçylyk işlerini
maliýeleşdirmek meselelerine hem möhüm ähmiýet berilýär.
Myhmanlary
garşylamak, olaryň üpjünçiligini ýola goýmak we baýramçylyk dabaralarynyň
geçirilýän günlerinde medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak, söwda medeniýetini
kämilleşdirmek, çäreleriň guramaçylyk işlerine ýaşlaryň çekilmegini ýola goýmak
boýunça alnyp barylýan işler barada-da aýdyldy. Gahryman Arkadagymyz türkmen
Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyryljak
dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine wajyp ähmiýet
berilmelidigine ünsi çekdi. Şunda ýurdumyzyň ähli ministrlikleriniň, pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň, Arkadag we Aşgabat şäherleriniň
häkimlikleriniň bilelikdäki tagallalary zerurdyr. Bu meselede hiç bir zadyň
ünsden düşürilmeli däldigini belläp, Milli Liderimiz Türkmenistanyň
Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralýan çärelere, halkara maslahatlara gatnaşmak
üçin ýurdumyza gelýän myhmanlaryň türkmen myhmansöýerligi esasynda
garşylanylmalydygyny, olaryň degişli ulaglar bilen üpjün edilmegine zerur üns
berilmelidigini aýtdy.
Döwletimiziň
Bitaraplyk derejesiniň ähmiýetine bagyşlanan çärelerde Watanymyzyň ýeten
derejesi, parahatçylyk söýüjilikli syýasatymyz, halkymyzyň bagtyýar durmuşy öz
beýanyny tapmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar
beriş serişdeleriniň wekilleri işjeňlik görkezmelidir, baýramçylyk çäreleriniň
dünýäniň media giňişliginde giňden açylyp görkezilmegi ugrunda zerur tagallalar
edilmelidir.
Bitaraplyk
baýramy mynasybetli geçiriljek duşuşyklar, halkara derejeli maslahatlar,
medeni-köpçülikleýin çäreler häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede guralmalydyr.
Aýratyn-da, şäheriň ekologik derejesine zerur üns berilmelidir. Saýaly bag
nahallary ekilende, milli bagbançylyk ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen
tejribesi utgaşdyrylmalydyr. Baýramçylyk dabaralarynyň geçirilmegine dahylly
düzümleriň bilelikdäki tagallalaryna we olaryň sazlaşykly işleriniň üpjün
edilmegine mümkinçilik döredilmelidir. Munuň üçin bolsa ugurdaş toplumlaryň
işleriniň utgaşykly ýola goýulmagyna zerur üns berilmelidir. Gahryman
Arkadagymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, dabaralaryň geçirilýän döwründe söwda
we hyzmatlar ulgamynyň işiniň ýokary derejede ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi.
Şunda halkymyzyň dünýä nusgalyk myhmansöýerlik däplerine, millilik
ýörelgelerine giň ýol açylmalydyr. Şunda şanly senäniň nyşanlaryny özünde
jemleýän sowgatlyk önümleriň taýýarlanylmagy möhüm talap hökmünde
kesgitlenendir.
Paýtagtymyzy
hemmetaraplaýyn ösdürmegiň we şäheriň binagärlik keşbini döwrebaplaşdyrmagyň
çäklerinde alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny
belläp, Milli Liderimiz şäherde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň
yzygiderli ýola goýulmagynyň möhüm wezipe bolup durýandygyny aýtdy. Şunda
şäheriň jemagat hojalygy gulluklarynyň işi üçin niýetlenen ýörite tehnikalaryň
netijeli peýdalanylmagyna aýratyn üns berilmelidir.
Gahryman
Arkadagymyz baýramçylyk dabaralaryna taýýarlygyň çäklerinde halkara derejede
geçiriljek maslahatlaryň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat
strategiýasynyň ýörelgelerine laýyk gelmelidigini nygtady. Şol bir wagtyň
özünde bu çäreleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan
edilmegine zerur üns berilmelidir. Milli Liderimiz hemişe bolşy ýaly,
baýramçylyk günlerinde-de tertip-düzgüniň berk berjaý edilmeginiň, ulaglaryň
sazlaşykly hereketiniň ýola goýulmagynyň möhüm wezipe hökmünde
kesgitlenendigini belläp, bu ugra degişli düzümleriň sazlaşykly hereketiniň
üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.
Gahryman
Arkadagymyz paýtagtymyzyň bu künjeginde ýaýbaňlandyryljak baýramçylyk
dabaralarynda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara giňişlikde
ykrar edilýändigini aňladýan wakalaryň, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýurdumyzyň
teklibi boýunça kabul edýän çözgütleriniň öz beýanyny tapmalydygyny nygtap, bu
babatda degişli maslahatlaryny berdi.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýeriň “Bitaraplyk binalar toplumy” diýlip
atlandyrylsa, maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Gahryman Arkadagymyz
ýurdumyzda ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli hemmeleriň Bitaraplyk düşünjesiniň,
onuň gymmatynyň näderejede ýokarydygyny bilmelidigini hem-de duýmalydygyny
aýratyn nygtap, bu künjegiň ýaşlaryň, myhmanlaryň, syýahatçylaryň gelim-gidimli
ýerine öwrüljekdigine ynam bildirdi. Milli Liderimiz: «Bu taryhy ýer uly toýuň
geçjek ýeri bolar» diýip, bu babatda toparyň agzalaryna degişli tabşyryklary
berdi.
Hormatly
Arkadagymyz Bitaraplyk şaýolunyň ugrunda ýerleşýän taryhy ýerde Bitaraplyk
zolagynyň döredilmelidigini, şunda BMG-niň nyşanynyň göze gelüwli edip
ýerleşdirilmelidigini belledi. Bu ýerde hemişelik Bitaraplygymyzyň ykrar edilen
ýyllary we şoňa degişli taryhy özgertmelerimiz bilen bagly ýazgylary
ýerleşdirmek boýunça maslahatlar berildi.
Türkmenistanyň
Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy
tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli
çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça döredilen guramaçylyk döwlet
toparynyň çäklerinde geçirilýän iş maslahatyna gatnaşyjylar şanly senäni ýokary
derejede dabaralandyrmak boýunça beren maslahatlary üçin Gahryman Arkadagymyza
hoşallyk bildirdiler hem-de öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine
ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Milli
Liderimiz şu ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan
edilmegi hem-de Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýi mynasybetli toýlarymyzyň
goşa-goşadan gelýändigini aýdyp, şanly toýa gowy taýýarlyk görülmelidigini we
onuň ýokary derejede geçirilmegi üçin hemmeleriň öz mynasyp goşandyny
goşmalydygyny aýratyn nygtady.
Gahryman
Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, bu gün asmandan nur
ýagýandygyny, munuň bolsa rysgal-berekediň hem-de döwletliligiň nyşanydygyny
aýtdy. Munuň özi ýylymyzyň uly üstünliklere, rowaçlyklara beslenjekdiginiň
özboluşly alamatydyr.
Milli
Liderimiz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak boýunça
ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işlerinde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu
ýerden ugrady.
tdh.gov