Düýn Astanada iş sapary bilen
bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna
gatnaşdy.
Gahryman Arkadagymzyň Gazagystan
Respublikasynyň baştutany bilen duşuşygy tamamlanandan soňra türkmen halkynyň
Milli Lideriniň awtoulag kerweni «Astana Arena» stadionyna tarap ugrady. Bu
ýerde şu ýyl «Ymgyr sähradaky duşuşyk» şygary bilen geçýän Çarwadarlaryň V
Bütindünýä oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy boldy.
Sport, medeni we ylmy maksatnamalaryň
birleşdirilmegi bu özboluşly taslamanyň esasy aýratynlygydyr. Şularyň özara
baglanyşygy sportuň milli görnüşlerini we umuman, çarwa medeniýetini
toplumlaýyn öwrenmäge hem-de dünýä ýaýmaga mümkinçilik berýär.
Şu gezekki iri sport çäresiniň resmi nyşanynda
Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynyň ähli nyşanlarynyň aýrylmaz bölegi bolan
Gün şekilindäki atlynyň şekili ýerleşdirilipdir. Nyşanda hakyk daşynyň
nepisligini alamatlandyrýan goýy gyzyl reňk ulanylypdyr. Bu gymmat bahaly daş
türkmenleriň we Merkezi Aziýanyň beýleki halklarynyň milli şaý-seplerinde
giňden ulanylýar. Nyşanda ýazgylar VIII-X asyrlardaky türki ýazuwy äheňinde
ýerine ýetirilipdir.
Gyrgyzystanda geçirilen Çarwadarlaryň Bütindünýä
oýunlarynyň ilkinji üçüsiniň esasy nyşany suw bolupdy. Bu däp Gazagystanda
geçirilýän şu gezekki Oýunlarda hem dowam etdirildi.
tdh.gov