2023-nji
ýylyň 18-nji dekabrynda Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza
döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Mejlise
Azerbaýjanyň Premýer-ministri A.Asadow, Belarusiýanyň Premýer-ministri R.Golowçenko, Gazagystanyň
Premýer-ministri A.Smailow, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň başlygy,
Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy A.Žaparow, Russiýa Federasiýasynyň
Hökümetiniň Baştutany M.Mişustin, Täjigistanyň Premýer-ministri K.Rasulzoda,
Özbegistanyň Premýer-ministri A.Aripow, Ermenistanyň Premýer-ministriniň
orunbasary M.Grigorýan, GDA-nyň Baş sekretary S.Lebedew gatnaşdylar.
Türkmenistanyň
wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary
H.Geldimyradow ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşyga
gatnaşyjylar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we Arkalaşygyň medeni we ynsanperwer
gatnaşyklarynyň häzirki meseleleri barada pikir alyşdylar.
Russiýanyň
Prezidenti W.Putin gatnaşyjylara wideo aragatnaşyk arkaly ýüzlendi. Ol 1-nji
ýanwardan Russiýanyň Arkalaşykda başlyklyk döwrüniň başlanýandygyny, bu döwürde
sungatyň, bilimiň we ylmyň dürli ugurlarynda, şol sanda GDA-nyň ynsanperwer
hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň çeşmelerinden peýdalanmak ýaly
bilelikdäki çäreleri geçirmek tejribesini ösdürmegiň meýilleşdirilýändigini
aýtdy.
H.Geldimyradow,
Türkmenistanyň Ýewraziýa giňişliginde döwletara birleşikleri bilen işjeň
aragatnaşyk saklaýandygyny, ykdysady hyzmatdaşlyga we sebitleýin integrasiýa
meselelerine aýratyn üns berýändigini aýtdy.
Duşuşykda
GDA agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlary tarapyndan medeni-ynsanperwer
hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada Beýannama kabul edildi. Onda hyzmatdaşlyk
gatnaşyklaryny, dostlugy we ýurtlaryň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylygy
ösdürmek üçin şeýle özara gatnaşyklaryň giň mümkinçiliklerini ykrar edýär. Ol
dostlukly gatnaşyklary berkitmek, medeniýet pudagyndaky döwletleriň arasyndaky
hyzmatdaşlygy giňeltmek we çuňlaşdyrmak islegini beýan edýär we Arkalaşygyň
çägindäki medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň esasy maksatlaryny tassyklaýar.
mfa.gov