2023-nji
ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary
W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2023-nji ýylyň 6-17-nji noýabry aralygynda
Ženewada Köpugurly döwürleýin syn boýunça iş toparynyň 44-nji mejlisiniň
çäklerinde geçirilýän Türkmenistanyň 4-nji
synyna gatnaşdy.
Agzalan
çäräniň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti adam hukuklary ugrunda kabul edilen
borçnamalaryň ýerine ýetirilişi boýunça ýurdumyzyň syýasatynyň esasy ugurlary
barada hasabat bilen çykyş etdi hem-de ozalky – 2018-nji ýylda geçirilen 3-nji
synyň çäklerinde öňe sürlen birnäçe meseleleri çözmekdäki möhüm öňegidişikler
we özgerişler barada habar berdi.
Mejlise
gatnaşan 80-den gowrak ýurduň wekilleri tarapyndan hasabat döwründe
Türkmenistanda adam hukuklaryny üpjün etmek we berkitmek ugrunda amala aşyrylan
oňyn çäreler, şol sanda, bu ugurda iş alyp barýan halkara guramalary we adam
hukuklary babatyndaky mehanizmler bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, milli
institutlaryň kämilleşdirilmegi, ýurdumyzyň kanunçylygynyň halkara ülňülerine
laýyklykda yzygiderli özgerdilmegi, zähmet, iş üpjünçiligi, bilim, ykdysadyýet
we ekologiýa pudaklaryna degişli bolan halkara resminamalaryň kabul edilmegi
barada aýratyn bellenilip geçirildi. Şol bir wagtyň özünde, bu ugurlarda has
belent sepgitlere ýetmek üçin Türkmenistan üçin birnäçe teklipler berildi.
Synyň
netijeleri 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde geçiriljek Adam hukuklary boýunça
geňeşiň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde beýan ediler.
mfa.gov