2024-nji ýylyň 1-nji
dekabrynda Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky
Türkmenistanyň wekiliýeti Syçuan welaýatynyň Çendu şäherinde (HHR) geçirilen
“Merkezi Aziýa – Hytaý” formatyndaky daşary işler ministrleriniň bäşinji
duşuşygyna gatnaşdy.
Duşuşyga gatnaşyjylar gatnaşyjy ýurtlaryň
umumy bähbitleri üçin konstruktiw hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen
bilelikdäki tagallalary güýçlendirmek nukdaýnazaryndan “Merkezi Aziýa – Hytaý”
formatynda hyzmatdaşlygyň möhüm ornuny bellediler.
Dar düzümde geçirilen duşuşygyň gün tertibine
girizilen meseleleriň çäginde Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň,
Täjigistanyň, Özbegistanyň we Hytaýyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň ileri tutulýan
ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň wajyp
ugurlaryny kesgitlediler.
Sebit we ählumumy gün tertibiniň birnäçe
halkara meseleleri boýunça pikir alyşyldy.
Diplomatlar munuň bilen birlikde, “Merkezi
Aziýa – Hytaý” formatynyň ýakyn wagtda geçiriljek ikinji sammitine taýýarlyk,
syýasy gatnaşyklary berkitmek we ösdürmek, işewür hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlary, söwda gatnaşyklaryny goramak we giňeltmek,
energetika we ulag arabaglanyşygyny üpjün etmek bilen baglanyșykly meseleleri
ara alyp maslahatlaşdylar.
Soňra “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň
daşary işler ministrleriniň duşuşygy giňeldilen düzümde dowam etdi.
Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň
hatarynda uzak möhletli parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek, syýasy,
söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek we ynsanperwer
gatnaşyklary giňeltmek üçin bilelikdäki tagallalary birleşdirmegiň zerurlygyna
aýratyn üns berildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň
belleýşi ýaly, sylaşykly gepleşikleriň medeniýeti ýurtlar bilen halklaryň
arasyndaky ynanşmagy we parahatçylygy has-da berkitmek üçin esas döredip, ol wagt
bilen çäklendirilip bilinmez.
Duşuşygyň netijeleri boýunça “Merkezi Aziýa –
Hytaý” formatynyň çäginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny
kesgitleýän Jemleýji resminama gol çekildi.
mfa.gov