Düýn ýurdumyzda saparda bolýan Owganystanyň Magdan we
nebit önümleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji H.Badriniň
ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary paýtagtymyzda geçirilen duşuşyklara
gatnaşdylar.
Myhmanlar
ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistan bilen
hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.
Geçirlen
duşuşyklarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri we bilelikdäki
taslamalary amala aşyrmagyň giň möçberli meýilnamalary ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Owganystanly
myhmanlar halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ähli zerur mümkinçilikleriň döredilen
ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalara
gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.
Goňşy
ýurduň wekiliýetiniň sapary dowam edýär.
tdh.gov