Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan
Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
käbir orunbasarlarynyň hem-de beýleki degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we
geljegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistanyň
Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Mahmadtoir Zokirzoda bilen
duşuşdy.
Pikir alyşmalaryň barşynda bellenilişi ýaly,
netijeli türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny ösdürmekde milli parlamentleriň ugry
boýunça gatnaşyklara möhüm orun berilýär.
Häzirki zaman şertlerinde parlament
diplomatiýasy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan
diplomatik işiň bu formatyny ilerletmäge uly üns berip, dünýäniň dürli
döwletleri bilen parlamentara gatnaşyklary işjeň ösdürýär.
Duşuşygyň ahyrynda Arkadagymyz we Täjigistan
Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy birek-birege
hem-de iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Resmi saparyň çäklerinde türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda
bilen hem duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselesi
hem gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Nygtalyşy ýaly,
ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde bilelikdäki hökümetara
toparynyň işine, şeýle hem Türkmen-täjik işewürler geňeşine möhüm orun
berilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow we Kohir Rasulzoda
Türkmenistanyň we Täjigistanyň döwletara hyzmatdaşlygyň gün tertibine girizilen
ähli meseleler boýunça mundan beýläk-de netijeli gatnaşyk etmegi göz öňünde
tutýandyklaryny nygtap, ýurtlarymyzyň arasyndaky deňhukukly, özara bähbitli
hyzmatdaşlygyň dostlukly halklaryň abadançylygynyň bähbidine geljekde-de
pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.
Şol gün Hökümet kabulhanasynda türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen
duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Duşenbe şäherinde geçirilen gepleşikleriň we duşuşyklaryň
netijeli häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şol duşuşyklar
ikitaraplaýyn gatnaşyklara mahsus bolan açyklyk, özara düşünişmek, ynanyşmak
ýagdaýynda geçdi.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we
Prezident Emomali Rahmon saparyň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň hem-de gol
çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň strategik häsiýete eýe bolan türkmen-täjik
hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam
bildirdiler.
Täjigistan Respublikasyna resmi saparynyň
maksatnamasyny tamamlap, Arkadagymyz Duşenbe şäheriniň Halkara howa menziline
bardy we Watanymyza ugrady.
mfa.gov