PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

Täzelikler

Aşgabat ulag ulgamy boýunça halkara foruma we sergä taýýarlanýar.

02.05.2023
Card image cap

Aşgabatda 3-4-nji maýda geçiriljek «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly halkara maslahata we sergä taýýarlyk görülýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda geçiriljek çäreler Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda bolar.

Maslahatyň deslapky meýilnamasyna halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, logistika arkaly söwdany artdyrmagyň mümkinçilikleri, häzirki zaman ykdysadyýetinde ulagyň we logistikanyň özara arabaglanyşygy, söwdada we logistikada sanlylaşdyrma, poçta hyzmatlarynyň döwrebap ugurlary, elektron täjirçilik, ulag-logistika düzüminiň baglanyşygyny ösdürmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň orny, innowasiýa tehnologiýalary, ulag we logistikada ylmyň we bilimiň orny ýaly meseleler girizildi.

Halkara maslahatyň çäginde birnäçe çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.


Bulary hem okaň