2024-nji ýylyň
19-njy sentýabrynda «Garagum» myhmanhanasynyň ýanynda Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň
sergisi öz işine başlady. Bu giň möçberli serginiň açylyş dabarasynda hormatly
Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oňa gatnaşyjylara iberen çuňňur
many-mazmunly Gutlagy okaldy. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň
sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara özboluşly baýramçylyk şatlygyny
paýlady.
Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň
sergisiniň açylyş dabarasyna köp sanly myhmanlar gatnaşdylar. Bu serginiň üsti
bilen Türkmenistanyň Garaşsyz ösüşiniň 33 ýylynda gazanan durmuş we ykdysady
üstünlikleriniň görkezijileri dünýä jemgyýetçiligine giňden ýaýbaňlandyrylar.
Ýurdumyzyň işewür gatnaşyklaryny we içerki önümlerini mahabatlandyrmak üçin
özboluşly meýdança bolup hyzmat edýän bu giň möçberli çäre myhmanlara
Türkmenistanda bolup geçýän özgerişler bilen tanyşmaga mümkinçilikler döredýär.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.