23.10.2026
2026-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda üç günläp dowam eden “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026” atly 31-nji halkara
maslahaty we sergisi öz işini üstünlikli tamamlady. Energetika ulgamynyň
möhüm meselelerine bagyşlanan bu iri halkara çäre dünýäniň dürli ýurtlaryndan
gelen wekilleri, pudagyň hünärmenlerini, işewür toparlaryň we iri
kompaniýalaryň wekillerini bir ýere jemläp, özara tejribe alyşmak, täze
hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de geljegi uly taslamalary ara alyp
maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança boldy.
Halkara
maslahatyň üçünji gününde metan zyňyndylaryny azaltmak, energetikanyň durnukly
ösüşini üpjün etmek we döwrebap tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak meselelerine
aýratyn üns berildi. Şeýle hem “Türkmenistan – Malaýziýa: energetika boýunça
hyzmatdaşlyk” atly tegelek stoluň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň
mümkinçilikleri, tejribe alyşmak we geljekki gatnaşyklary ösdürmegiň ileri
tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çäräniň
dowamynda degişli resminamalara, özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi
we dürli ugurlar boýunça ylalaşyklar gazanyldy. Bu ädimler energetika pudagynda
halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek we täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin möhüm
ähmiýete eýe boldy.
Halkara
maslahatyň we serginiň jemleýji gününde gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň hormatly
Prezidentine Ýüzlenmesi kabul edildi. Şeýle-de halkara sergä gatnaşyjylara
diplomlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
“Türkmenistanyň
nebiti we gazy – 2026” atly 31-nji halkara maslahaty we sergisi energetika
ulgamynda sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, maýa goýum
mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de geljegi uly taslamalary ilerletmek babatda
täze mümkinçilikleri açdy.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.