22.10.2026
2026-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän “Türkmenistanyň nebiti we
gazy – 2026” atly halkara maslahat we sergi öz işini dowam etdirýär. Halkara energetika
jemgyýetçiliginiň wekillerini, öňdebaryjy kompaniýalary we pudagyň
hünärmenlerini bir ýere jemleýän bu forum nebitgaz ulgamynda özara bähbitli
hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de täze maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp
maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolup çykyş edýär.
Halkara
serginiň çäklerinde nebitgaz pudagynda ulanylýan döwrebap tehnologiýalar, innowasion
önümçilik çözgütleri, uglewodorod serişdelerini gözläp tapmakdan başlap, olary
gaýtadan işlemäge çenli bolan ugurlarda öňdebaryjy tejribeler görkezilýär. Şeýle
hem önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, energiýa serişdelerini rejeli peýdalanmak
we ekologik talaplara laýyk gelýän tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine
aýratyn ähmiýet berilýär.
Çäräniň maksatnamasyna
laýyklykda, B2B we B2G görnüşindäki işewür duşuşyklar, Türkmenistanyň degişli
döwlet edaralarynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirilýär. Olaryň dowamynda işewür
gatnaşyklary giňeltmegiň, maýa goýum taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmagyň,
tehnologik hyzmatdaşlygy ösdürmegiň hem-de bilelikdäki başlangyçlary durmuşa
geçirmegiň mümkinçiliklerine garalýar.
Halkara maslahat
we sergi Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň mümkinçiliklerini dünýä
jemgyýetçiligine giňden tanyşdyrmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara
bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga we pudagyň ösüşine gönükdirilen täze
başlangyçlary öňe sürmäge ýardam berýär.
“Türkmenistanyň
nebiti we gazy – 2026” atly halkara maslahaty we sergisi energetika ulgamynda
tejribe alyşmak, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de uzak möhletleýin işewür
gatnaşyklary ýola goýmak üçin möhüm halkara meýdançasydyr.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.